Žurnalistiň sahypasy

Watan balasy — bagtyň lälesi

31-05-2022 / 12

Her ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistan tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu sene döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada yzygiderli alada edilýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli baýramçylyklarymyzyň sanawyna goşuldy.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda halkara we milli derejeli çäreleriň uly toplumy durmuşa geçirilip, olar sagdyn nesliň kemala gelmegini we mynasyp ösmegini hem-de köpelmegini şertlendirýär. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň üstüni ýetirdi.

Ýurdumyzda  hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, olaryň her biri taryhy senelere altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy nurana geljegiň gözbaşydyr. Biziň ýurdumyz bolsa, bagtly çagalygyň ýurdudyr.

Türkmenistanda maşgalany goldamagyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň, bu ugurlary kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başlap, iň oňat dünýä tejribelerine çenli, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek baradaky döwlet goldawynyň toplumlaýyn ulgamy döredildi. Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara täze öýleriň sowgat berilmegi bu babatda ählitaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Birnäçe beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, köp çagaly bolmak ýörelgesiniň ýitirilmän, eýsem, häzirki eýýamymyzda täzeden dikeldilmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Şirin KELOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl  talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu