Sagdyn durmuş

Bagtly çagalygyň goragynda

22-05-2022 / 14

Her ýylyň 1-nji iýuny Çagalary goramagyň halkara güni bolup, ony bellemek karary Aýallaryň halkara demokratik federasiýasynyň 1949-njy ýylyň noýabr aýynda Parižde bolup geçen kongresinde kabul edilýär. Çaganyň saglygyny döwlet derejesinde goramak diýmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet möçberindäki çäreleriň, maksatnamalaryň, taslamalaryň tutuş toplumyny öz içine alýar.

Ýurdumyzda  hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, olaryň her biri taryhy senelere altyn harplar bilen ýazylandyr. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy nurana geljegiň gözbaşydyr. Biziň ýurdumyz bolsa, bagtly çagalygyň ýurdudyr.

Türkmenistan döwletimiz ýaş nesliň sagdynlygyny, abadançylygyny, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Çagalar gaznasynyň esasy maksady bütin dünýäniň çagalarynyň howpsuz, sagdyn we bagtly çagalygyň hukuklaryny goramak we goldamakdan ybaratdyr. Türkmenistan ÝUNISEF bilen 1992-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip, 1993-1994-nji ýyllarda Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň ilkinji maksatnamasyny amala aşyrdy.  

2001-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň „Çaga kesellerini bütewileşdirip alyp barmak“ boýunça maksatnamasy ornaşdyryldy. Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylymy-kliniki merkezinde çaga kesellerini bütewileşdirip alyp barmak boýunça Milli merkez döredildi.  Türkmenistanda „Çagalaryň irki ösüşi taslamasy“ BSGG-niň Çagalar gaznasynyň  hemaýat bermeginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Çagalary goramak we olary saglygy  baradaky aladalar welaýatymyzda hem giň gerimde alnyp barylaýar. Geçen ýyllarda Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap enjamlar bilen üsti ýetirildi. Bu ýerde çaganyň saglygyny dikeltmekde örän uly işler alnyp barylýar.  „Ene mähri“ merkezi enäniň we çaganyň saglygy ugrunda gije-gündiz hyzmatda. 62-nji çagalar bagynda bolsa ýörite „Lgapet“ otagy işleýär.

Maýsa KURBANOWA,
Dänew etrabynyň 3-nji “Bahar” çagalar bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu