Ýer togalagynyň ilatynyň sanynyň ösüşi eksponsial kanuna boýun egýär.
XX asyryň 70-nji ýyllarynda Ýer togalagynyň ilat sany 750 milliona barabar artdy. 80-nji ýylda 840 million, 90-njy ýyllarda bolsa ilat sany 960 milliona golaý köpeldi. 1995-nji ýylda diňe bir ýylda Ýer togalagynyň ilaty 100 million adama çenli artdypdy. Beýle diýildigi bolsa Italiýanyň we Fransiýanyň bilelikdäki ilatyndan 15 milliondan az diýildigidir. Şunuň ýaly ösüş adam populýasiýasynda demografiki ýokary göterliş ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ýagny mundan 1,5 million ýyl ozal Ýer togalagynda takmynan, 500 müň adam ýaşapdyr. Şol döwürde adamlaryň ömrüniň dowamlylygy bary-ýogy 20 ýyla deň bolupdyr. Takmynan, 9 müň ýyl mundan ozal Ýer togalagynda 10 sany ýerli, sebit hem-de tebigy heläkçilikler ýüze çykypdyr. Emma muňa garamazdan, ilatyň sany köpelmegini dowam edipdir.
Ilatyň sanynyň ösüş dinamikasyny öwrenýän ylyma demografiýa diýilýär. Biziň eramyzyň başlarynda Ýer ýüzünde 200 million, XVII asyryň ortasynda bolsa 500 million adam ýaşapdyr. Zyýanly täsirleriň azalmagy netijesinde takmynan XIX asyryň ortalarynda Ýer togalagynda adamlaryň sany milliarda ýetipdir. Emma XIX asyrda we häzirki döwürde dürli görnüşli keseller, açlyk, uruşlar bilen baglanyşykly ýagdaýlar uly ähmiýete eýe bolup durýar. Demografiki hasaplamalar ilatyň ýaşy boýunça gurluşyna baha bermeklige mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde bolsa Ýer ýüzünde ilatyň sany takmynan, 7 millarddan hem geçýär diýlip çaklanylýar.
Bahar MURADOWA,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.