Žurnalistiň sahypasy

Intellektual eýeçiligiň hukuk esaslary

07-05-2022 / 14

Intellektual eýeçilik hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen, esasanda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň degişli bölüminde düzgünleşdirilýär. Intellektual işiň netijelerine we olara deňeşdirilen indiwiduallaşdyryş serişdelerine bolan hukuga intellektual hukuklar diýlip ykrar edilýär. Intellektual hukuklara emläk hukugy bolup durýan aýratyn hukuk, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa, emläge degişli däl şahsy hukuklar we başga hukuklar hem (eýermäge hukuk, elýeterlilige hukuk we başgalar) degişlidir.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda hereket edýän möhüm konwensiýalaryň işini dolandyrýan halkara guramasydyr. Türkmenistan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň  köp sanly ylalaşyklaryna hem yzygiderli goşulýar. 2015-nji ýylda Türkmenistan 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy. Umuman, ýurdumyz abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyryş işini alyp barýar. Bu ugurda kanunçylyk binýat hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazarlarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we beýleki hukuk namalar esas bolup hyzmat edýär.

Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda anyk ädim ädildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat eýeçiligi pudagynyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna uly mümkinçilik berdi. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk-namalaryna hem-de döwletimiziň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.

Intellektual eýeçiligiň obýektlerini hukuk taýdan goramak boýunça halkara ýörelgelere laýyk gelýän kanunçylyga esaslanýan bu ulgam senagat, ylym we awtorlyk hukugy çygrynda döwletiň üstünlikli ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Intellektual eýeçiligi goramak çygryndaky kanunçylygyň esaslary we hünärmenleriň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmäge, tehniki innowasiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge şert döredýär.

Milli ulgam 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2008-nji ýylda bu ugurda birnäçe kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy intellektual eýeçiligiň obýektlerini döretmek, goramak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Onda her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär.

Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi. Milli parlament tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlary intellektual eýeçilik boýunça hukuk giňişligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Intellektual eýeçilik bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň ähmiýeti milli ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen we onuň ähli pudaklar boýunça durnukly ösüş depginleri bilen kesgitlenilýär. Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagy oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň hem-de hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşli kärhanalarynyň we guramalarynyň gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylýar. Şunda  bolsa işgärleriň intellektual işini höweslendirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredileli bäri ýurdumyz halkara  hyzmatdaşlyk babatda uly üstünlikleri gazandy. Munuň özi intellektual eýeçilik çygrynda halkara ulgama goşulmagymyza oňyn ýardam etdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz intellektual eýeçilik babatda halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň ençemesiniň agzasydyr. Halkara ylalaşyklar Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bazara uly höwes bildirilýän daşary ýurt kompaniýalary, kärhanalary hem-de şahsy taraplar üçin uly mümkinçilikleri döretdi.

Begençmuhammet SERDARMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu