Žurnalistiň sahypasy

Ýaş zehinleriň üstünligi

20-04-2022 / 12

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde hem ýaş nesle döwrebap derejede bilim berilýär. Ylmyň soňky tehnologiýalary bolan interaktiw tagtalar, kompýuterler bilen üpjün edilen orta mekdepde ýaşlaryň bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepde bilim alýan ýaşlar welaýat, döwlet, halkara derejesinde geçirilen rus dili, iňlis dili, biologiýa, matematika, himiýa, fizika, kompýuter boýunça ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikde, ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiklerinde, baýrakly orunlary eýeläp gelýärler. Şu okuw ýylynda Batyr Bibitow, Arzuw Rustamowa, Aýhan Sefullaýewa, Diýar Bazarow, Ýusuf Ýusupow, Maksat Täjiýew, Bahar Bäşimowa, Maýsa Musaýewa, Erkin Jumaýew, Nikita Ýewseýew, Salim Aliýew, Nazar Hezretkulyýew dagylar bu bäsleşiklerde üstünlik gazandylar. Bulardan başga-da, mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary jemgyýetçilik çärelerine hem işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle-de, golaýda geçirilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetinde «Dilim — dürli hazynam, edebiýat — ylham çeşmäm, saglyk — durmuş ýörelgäm» atly hepdelikde mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» atly edebi-sazly çykyşlaryny hödürlediler. Dabaranyň dowamynda mugallymlar görnükli şahyrlar Halyl Kulyýewi, Annaberdi Agabaýewi, Gurbannazar Ezizowy ýatlap, çeper beýan etdiler. Okuwçylar bolsa Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny we goşgularyna döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabara öz täsirliligi hem-de joşgunlylygy bilen tapawutlandy.

Öwezgül AÇILOWA,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu