Maşk etmek — sagdynlygyň esasy girewi. Beden maşklarynyň we hereketleriniň dürli görnüşleriniň ynsan saglygyna ýetirýän oňyn täsirleri hakynda gürrüň bermegi makul bildik.
Maşklar şähdaçyklygyňy saklaýar
Fiziki maşklar bedeniň syrdam bolmagyna hem-de argynlygyňy aýyrmaga ýardam edýär. Bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Kadaly dem alşy we bedeniň işjeňligini sazlaýar. Mundan başga-da, gan aýlanyş ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, daýanç hereket ediş ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr.
Bahar paslynda maşk etmek has peýdalymy?
Arassa, mylaýym howada ýerine ýetirilen maşklaryň täsiri has-da netijeli bolýar. Esasan hem, irki maşklar, köpräk pyýada ýöremeklik bedeniň taplanmagy üçin peýdalydyr.
Ýaz aýlarynda pyýada ýöremegi endige öwürmeli. Pyýada ýörelende sagdyn aýaklar göwräni deňagramlykda saklaýar. Pyýada ýöremekçi bolsaňyz, aýaklar barada alada edilmelidir, geýen aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ökjesi pes bolmalydyr, daban süňklerine ýeterlik agram düşmelidir. Pyýada ýöremeklik adamyň göwnüni göterýär, daş-töweregiň gözelligini synlamaga mümkinçilik berýär.
Ýaşlar we çagalar üçin nähili maşklar maslahat berilýär?
Maşklar ýerine ýetirilen wagty çalasyn herekete we kadaly dem alşa gözegçilik edilmelidir. Olar biri-birinden, ýaş aýratynlygyna görä, tapawutlanýarlar. Kiçi ýaşly çagalar üçin oýun bilen sazlaşykly maşklar oňaýly bolýar. Ýaşlarda we çagalarda çalasyn tanslaryň beden we ruhy güýji belli bir derejede herekete getirýändigi bellidir. Tans hereketleri diňe bir beden gözelligini kämilleşdirmän, eýsem beden myşsalaryny hem berkidýär. Tans edilende saýlanan sazlar bilen sazlaşykly hereket etmeklik içki duýgularyňa has gowy täsir edýär. Bu bolsa adamyň ruhubelentligini artdyrýar.
Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Döwletli etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.