Sagdyn durmuşŽurnalistiň sahypasy

Saglygy goraýyş ulgamynyň halkara hukuk esaslary

07-04-2022 / 10

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýetli ulgamlaryň hataryna degişlidir. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy ösen pudak bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde bu ugra gönükdirilen döwlet harajatlary, şeýle hem dünýä ylmynyň ösen tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, şol bir wagtda-da maddy-tehniki üpjünçiliginiň döwre laýyklykda kämilleşdirilmegi türkmen lukmançylygynyň esasy aýratynlyklary hökmünde häsiýetlendirilýär.

Häzirki zaman ylmy edebiýatynda halkara lukmançylyk hukugy halkara hukugynyň täze şahasy hasaplanýar diýen pikir bar. Şeýle-de bolsa, bu pudagyň  XX asyryň başynda dörändiginiň subutnamasy bar. Bu nukdaýnazardan, biziň pikirimizçe, lukmançylyk kanunlarynyň ýüze çykma prosesini yzarlamak möhümdir. Belki, başlangyç 1930-njy ýylda, professor S.Witta Gaaga Halkara Hukuk Akademiýasynda (Gollandiýa) halkara sanitariýa ugruny hödürlän mahaly bolup biler. Witta halkara sanitariýa hukugynyň “sanitariýa dolandyryşy (düzgünleşdirmek) bilen baglanyşykly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan jemgyýetçilik halkara hukugynyň bir şahasydygyny” aýtdy. Alym bu pudagyň döremeginiň “kesellere garşy göreş meselesinde döwletleriň arasynda döredilen konwensiýalar we däpler” bilen ýakyndan baglanyşyklydygyna ynanýar. Bu gatnaşyklar XX asyryň başynda ösüp başlady. Kanadaly alym K. Emmanueliniň pikiriçe, ilki bilen halkara sanitariýa hyzmatdaşlygy epidemiýalaryň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen döwletara söwdasyna zyýan ýetirmezden amala aşyryldy.

Halkara lukmançylyk hukugynyň alamatlary şulary öz içine alýar: döwletler we halkara hukugynyň beýleki subýektleriniň arasynda lukmançylyk, saglygy goraýyş we ş.m. hyzmatdaşlygy; obýekti – şahsy we jemgyýetçilik saglygyny goramak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklary; ep-esli halkara hukuk aktlarynyň bolmagy; pudak ýörelgeleri we pudak edaralarydyr. Häzirki wagtda lukmançylyk hukugy boýunça dünýä döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkeýär. Lukmançylyk hukugy boýunça birnäçe Konwensiýalar kabul edilýär we ylalaşyklara gol çekilýär. Şol halkara hukuk resminamalary lukmançylyk hukugyna esaslanyp düzülýär.

Zülfiýa ÝAŇABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu