Žurnalistiň sahypasy

Islendik ýurduň geljegi — ýaşlarda

28-02-2022 / 14

Islendik ýurduň geljegini görmek isleseň, onuň ýaş neslini tanamak ýeterlikdir. Çünki her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatydyr. Şonuň üçin-de, biziň ýurdumyzda ýaş nesli ählitaraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Pederlerimiziň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa hemişe täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, aňly-düşünjeli, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Bu häsiýetleriň ählisini özünde kemala getirmek isleýän ýaşlar bu gün ylym-bilimi, sporty dost tutunýarlar.

Ata Watanymyzyň geljegi hut ýaşlara, olaryň raýatlyk garaýşyna, watançylyk borjuna, zähmete, bilim almaga, hünär işine nähili gatnaşýandygyna bagly bolup durýar. Häzirki döwürde bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan täze özgertmelerde göz öňünde tutulýan okuw işlerinde halkara tejribesini we ylmyň häzirki zaman gazananlaryny, bilimiň mazmunynyň medeniýetde, ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we ýokary tehnologiýalarda bolup geçýän özgertmeleri şöhlelendirýän ähli taraplaryny nazara almak bilen, yzygiderli täzelenmegi esasynda guralmagy ýaşlaryň durmuş we hünär taýýarlygyny kämilleşdirýär.

Ýurdumyzda ýaş raýatlarymyzyň bilimliliginiň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak wezipesiniň wajyplygynyň artýandygyny bellemek gerek. Sebäbi ýaşlar jemgyýetiň has işjeň bölegi bolansoň, olaryň mynasyp, döwrebap bilimli bolmagyny gazanmak zerurdyr. Olaryň dürli pudaklara innowasion taslamalary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga, düýbünden täze bilimleri we pikirleri özleşdirmäge has uýgunlaşan derejede, döredijilik güýçlerine we başlangyçlaryna eýe bolmagy üçin möhüm bolan şertler ýola goýulýar. Bu işleriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda has-da rowaçlyklara beslenjikdigini ynam bilen aýtmak gerek.

Gülşirin HATAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu