Geçmişde örän köp sanly döwletleri guran türkmenler taryh sahnasyna çykan pursatyndan başlap, durmuşy, ykdysady, harby we döwleti dolandyryş ulgamlaryny ýola goýmakda uly üstünlikler gazanypdyrlar. Baý türkmen sahypalarynyň biri nesillere diplomatiýanyň inçe tilsimlerini miras goýup giden Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ajaýyp ýyl ýazgysyna degişlidir.
Beýik Seljuk türkmen döwletiniň döwlet gurluşynyň döremegi 1037-nji ýylda Merwde Dawut Çagry begiň häkimleri we salgyt ýygnaýjylary bellemegi bilen baglanşyklydyr. Dawut Çagry beg geljekki Beýik Seljuk türkmen döwletiň ilkinji hökümet işgärlerini belleýär. Seljuklaryň işjeň daşary syýasatyny göz öňünde tutup, kem-kemden döwlet gurluşynyň düzümi ilçiler, geňeşçiler we terjimeçiler bilen doldurylyp başlanýar.
Ö. Gundogdyýewiň “Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan” atly eserinde belläp geçişi ýaly, seljuk soltanlary “türkmenleriň golastyndaky halklar bilen gatnaşyklarynyň daşary syýasata uly täsir edýändigine gaty gowy düşünipdirler”, şonuň üçin hem Seljuklar özlerine tabyn sebitleriň içerki adminstrasiýa gurluşyny saklap galypdyrlar we söwdanyň ösmegine uly goşant goşup, ähli ýurt boýunça umumy medeniýeti ýaýradypdyrlar, bu bolsa Seljuk imperiýasynyň diplomatiýasynyň möhüm we tapawutly aýratynlyklarynyň biridir.
Seljuk türkmen döwletiniň soňky soltany Soltan Sanjar hem taryhda diplomatiýanyň inçe tilsimlerini ýerlikli ulanyp bilen ugurtapyjy diplomat hökmünde yz galdyryp giden Seljuk türkmen döwletiniň soltanlarynyň biridir. Soltan sanjar ömrüniň soňky döwürlerinde döwlet gurmak bilen baglanşykly sarsgynlary başdan geçiren, adaty adam ykballaryndan ykbaly tapawutly görnükli dölwet işgäridir. Soltan Sanjar begzadalar neslinden bolan, ýaşlykda atalyk mekdebini tamamlan, serkerdelik uky uly bolan taryhy şahsyýetleriň biridir. 1092-nji ýylda Soltan Sanjara dagynyk Seljuk döwleti miras galýar. Beýik hökümdarlar Alp Arslan we Mälik Şanyň aradan ötmegi bilen döwlet gowşap başlaýar. Beýik döwletiň golastyndaky döwletler özbaşdaklyga dalaş edip başlaýarlar. Mirasdüşerlik kanunlarynyň kemlik etmegi bu özbaşdaklyk meýillerine ýardam ediji itergi bolýar. Soltan Sanjar bu ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen çeýe ilçilik usullaryny ulanmaly bolýar. 1118-nji ýylda bolan Sawe söweşinde gazanan ýeňişiniň netijesinde Soltan sanjar öz hökümdarlygyny ykrar etdirýär. Döwleti 39 ýyl dolandyryp, 1157-nji ýylda aradan çykýar. Soltan Sanjar diňe bir Beýik Seljuk-türkmen döwletiniň meşhur hökümdary bolman, eýsem yslam dünýäsiniň hem iň uzak möhlet hökümdarlyk (Horasana häkim bolan döwri bilen) eden we iň köp ady tutulan hökümdary bolýar.
Soltan Sanjar döwlete baştutanlyk eden 39 ýylynyň dowamynda daşary syýasatda ýurduň bitewüligini saklamak we mümkinçilige göra çäklerini giňeltmek, içerki sysaýatda ýurduň abadançylygyny ösdürmek, aýratyn hem döwletiň paýtagty Maryny dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň birine öwürmek syýasatyny alyp barypdyr. Soltan Sanjaryň döwleti edara etmeklikdäki ägirt uly başarnyklarynyň netijesinde seljuk türkmen döwletiniň içindäki baş-başdaklygyň öňi alnypdyr. Soltan Sanjar “Iň beýik soltan”, “Soltanlaryň soltany”, “Beýik şalar şasy” we ş.m derejeleri göterýär. Soltan Sanjar eden on dokuz ýörişinden, diňe ikisinde ýeňlişe sezewar bolýar. Ilki 1141-nji ýylda bolan Katwan söweşinde garahytaýlylardan, soňra 1153-nji ýylda balhly oguzlar bilen bolan söweşde ýeňlişe sezewar bolýar. Bu iki söweş Beýik seljuk türkmen döwletiniň ýykylmagyna esasy täsirini ýetiripdir.
Soltan Sanjar atabeglik mekdebinde öwrenen tilsimlerini ussatlyk bilen ulanan soltandyr. Ol garşydaşlaryna garşy türkmen diplomatiýasynyň inçe tilsimlerini ulanypdyr- duşmanyň hökümdaryny ele salmak bilen, garşydaşyny ozaly bilen ruhy taýdan ýeňipdir. Soltan Sanjaryň baştutanlyk eden döwründe döwletiň arasynda bolan raýat dawa-jenjellerine garamazdan, günbatar hyzmatdaşlarynyň arasynda ýurduň at-abraýy ýokary derejede galýar.
2004-nji ýylda Aşgabatda gurnalan “Soltan Sanjar we onuň zamanasy” ady bilen geçirilen halkara ylmy konferensiýasynda J.Hatamow özüniň çykyşynda Soltan Sanjaryň döwletiň içindäki bölünişik döretmek isleýän hökümdarlara garşy birnäçe ýöriş edenem bolsa, olary jezalandyrman, ýene öňki wezipesinde galdyrmagy hem Soltan Sanjaryň beýik diplomatiýasyndan nyşan diýip belläp geçýär.
Soltan Sanjar döwletiň içindäki tagt üstündäki dawalaryň öňüni almak maksady bilen diplomatik tilsimi ulanypdyr – neberäniň agzalaryna döwletiň çäklerinde özüne garaşly bolan döwletleri döredipdir. Muňa seljuk türkmenleriniň Yrakdaky döwleti mysal bolup biler.
Getirilen mysallaryň ählisi güýji diňe bir uruşda ýeňiş gazanmagy başarman, “parahatçylygy gazanmak” paýhasyna eýe bolan Seljuk döwletiniň diplomatiýasynyň ýokary mekdebini görkezýär.
Seljuk türkmen döwletinde ulanylan diplomatiýanyň inçi tilsimleri türkmen diplomatiýasynyň asyrlaryň dowamynda parahatçylyga daýanyp gelendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Dilnoza MUHADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.