Amerikan lukmanlarynyň gelen netijelerine görä, zeýtun ýagy ynsan bedeninde döräp biljek birnäçe keselleriň öňüni almakda iň peýdaly iýmitleriň biridir.
Olaryň geçiren barlaglarynyň netijelere laýyklykda, bu önümi yzygiderli iýmek düwnük (rak), ýürek-damar, neýrodegeneratiw we respirator kesellerinden ejir çekmek howpuny azaldýar. Amerikan alymlary bu iş boýunça köp ýyllap aýallaryň 60 müňüsiniň we erkekleriň 31 müňden gowragynyň gündelik kabul edýän iýmitlerini gözegçilige aldylar. Bu synaga gatnaşyjylar iýýän iýmitleriniň düzümindäki ýaglaryň görnüşleri we mukdary boýunça ýörite anketalary bellenilen wagtda doldurdylar. 28 ýylyň dowamynda synaga gatnaşyjylaryň 36856-sy dürli ýagdaýlar sebäpli ýogalypdyrlar. Gelnen netijelere görä, zeýtun ýagyny yzygiderli peýdalananlarda (günüň dowamynda bary-ýogy ýarym nahar çemçesi) ýürek-damar keselleriniň peýda bolmak howpy ony hiç iýmedikler bilen deňeşdirilende 19 dereje az bolupdyr. Bu görkeziji düwnük kesellerinde 17 derejä, neýrodegeneratiw kesellerinde 29 we respirator kesellerinde 18 derejä çykdy.
Şeýle hem bu synag bir günüň dowamynda iýýän margarin, mesge, maýonez we süýtden alynýan beýleki ýaglaryň 10 gramyny zeýtun ýagy bilen çalyşmagyň ölüm howpuny 8―34 dereje peseldýändigini görkezdi.
Güljemal BERDINAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.