
Mähriban okyjylarymyz, ýadyňyzda bolsa, saýtymyzda suhangöýlük barada makala ýerleşdiripdik. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Şirin ŞIRLIÝEWANYŇ makalasynyň dowamyny size ýetirýäris. Makalanyň başyny okamak üçin https://turkmengazet.com/suhangoyluk-sungaty-sowly-cykys-etmegin-yonekey-syrlary/ basyň.
- Ugurtapyjylyk
Çykyşyňyzyň arasynda jüpüne düşýän şorta sözleri ulanmagy, sorag-jogap alyşmak barada köp maslahatlar berildi. Elbetde, şeýle maslahatlarda belli bir derejede hakykat hem bar, ýöne degişmegiň hatyrasyna ýasama degişme şowsuzlyga getirip biler. Çykyşyňyz bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk şorta söz bilen başlamagyň hajaty ýok. Şorta söz diňe ýagdaýy gowşatmak üçin sözüňiziň ortasynda durmuşyňyzda bolan gülküli hekaýaňyza geçmek has gowudyr.
Kitabyň awtory şorta sözleri ulanylanda, esasy 3 zada üns berilmelidigini belleýär: hakykata ýakynlygyny, aktuallygyny we okaman dilden aýtmalydygyny ünsden düşürmeli däldir.
- Okamak
Kagyzdan gözüňi aýyrman, okap çykyş etmek tomaşaçylary çalt ýadadýar. Eger siz okaman çykyş edip bilmeýän bolsaňyz, çykyşy okamagyň hem aýratynlygy bar: Gözleriňiz kagyz ýüzündekä gürlemän, okap bolanyňyzdan soň gürläp başlaň. SSS tehnikasyny ulanyň: Serediň-Saklanyň-Sözläň.
Türgenleşik üçin islendik teksti saýlaň. Gözüňizi aýryň we aňyňyzda birnäçe sözleri surata düşüriň. Soňra kelläňizi galdyryň we pikiriňizi jemläň. Soňra bolsa islendik predmete, otagyň dürli tarapyna seredip, ýadyňyzda galanlary aýdyň. Şeýlelikde, serediň-saklanyň-sözläp başlaň.
- Çykyş edýäniň usullary
Çerçilliniň çykyşlaryny goşgy ýaly ýazyp, olary aýratyn sözlemlere bölüp, hersini aýratyn setirde ýazýandygy mälimdir. Çykyşyňyzy has ynandyryjy ýetirmek üçin bu usuly ulanyň.
Sesiňize şahyrana täsirli güýji bermek üçin söz düzüminde rifmalary ulanmak, içki sazlaşyga, ynsanperwer ýörelgelerine eýermeli.
- Soraglar we arakesmeler
Diňleýjiler bilen çykyş edýäniň arasynda bitewiligi döretmek üçin sorag bermek köprini döredýär. Esasy zat, jogabyny bilmeýän soragyňyzy bermäň. Soragy diňe köpçüligiň reaksiýasyny çaklamak bilen peýdalanyp bilersiňiz.
- Jemleýji söz
Eger siziň çykyşyňyz bimany bolaýan ýagdaýynda hem , jemleýji çykyşy şowly alyp bilseňiz, hemme zady düzedip bilersiňiz. Jemleýji sözüňizde täsir galdyrmak üçin buýsanç, umyt, joşgunly duýgularyňyz bilen bu işe ýapyşyň. Geçmişde ýaşap geçen beýik suhangöýleriňki ýaly bu duýgulary, diňleýjilere ýetirmäge synanyşyň.
Hiç wagt çykyşyňyzy ownuk bellik bilen tamamlamaň, bu diňe abraýyňyzy gaçyrar. Täsir galdyryjy, ruhuňy belende göterip biljek sitatalary, goşgulary ýa-da degişmeleri ulanyň.
Awtoryň soňky we iň esasy maslahaty bolsa: diňleýjileri geň galdyryň, özüni açmaga mejbur ediň! Owadan sözleriň guly bolman, beýlekilerden tapawutlanyň. Gaýtalap bolmajak bir ynsan boluň!
Şirin ŞIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.