PsihologiýaSlider

Slengiň aragatnaşyk serişdesiniň bilim ulgamyndaky orny

28-01-2025 / 139

Bilim ulgamynda aragatnaşyk serişdeleriniň ähmiýeti häzirki döwürde möhüm ylmy-barlag meseleleriniň biri bolup durýar. Bilim diňe bir maglumat bermegiň prosesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesliň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen çylşyrymly aragatnaşyk ulgamydyr. Hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim ulgamyndaky özgertmeleriň çäginde, döwrebap pedagogiki tehnologiýalar bilen bir hatarda, aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylyşy has-da giňelýär.

Döwrüň ösmegi bilen ýaş nesliň durmuş endiklerinde, aragatnaşyk usullarynda we özara gatnaşygynda täze ýörelgeler kemala gelýär. Şolaryň biri hem slengdir. Sleng, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda özboluşly aragatnaşyk serişdesi hökmünde giňden ýaýran bolup, olaryň özboluşly düşünjelerini, şahsyýetlerini we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny beýan etmekde möhüm rol oýnaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli ýola goýýan bilim özgertmeleri ýaş nesliň diňe bir bilim derejesini ýokarlandyrmagy däl, eýsem, olaryň aragatnaşyk usullaryny kämilleşdirmek, dünýä bilen aýakdaş bolmagyny hem maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan, okuwçylaryň aragatnaşyk serişdesi hökmünde slengden peýdalanmagynyň ylmy taýdan seljerilmegi, onuň oňyn we erbet täsirleriniň anyklanylmagy hem-de bilim prosesindäki orny boýunça maslahatlaryň işlenip taýýarlanylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Slengiň düşünjesi we onuň aýratynlyklary

Sleng – bu resmi dilden tapawutlanýan, köplenç ýaşlaryň arasynda ulanylýan, ýönekeý, emosional we özboluşly görnüşde sözleýiş dilidir. Slengiň esasy aýratynlyklaryna şulary goşmak bolar:

Ýönekeýlik: Sleng resmi dilden tapawutlylykda has ýönekeý we gündelik durmuşda ulanyşa amatlydyr.

Emosional täsir: Slengiň ulanylyşy sözleriň we sözlemleriň emosional täsirini güýçlendirýär.

Topar aragatnaşygy: Ol bir toparyň ýa-da jemgyýetiň içinde aragatnaşyk guraly bolup çykyş edýär we bu toparyň agzalarynyň arasynda ýakynlygy döredýär.

Yzygiderli täzelik: Sleng çalt üýtgeýär we täze sözler bilen baýlaşýar.

Slengiň ýaş nesliň durmuşyndaky ähmiýeti

Özara düşünişmek we gatnaşygy güýçlendirmek: Sleng ýaşlaryň arasyndaky gatnaşygy ýeňilleşdirýär we olaryň arasyndaky düşünjäni güýçlendirýär. Mysal üçin, mekdep okuwçylary ýa-da talyplar slengi öz toparynyň “dilini” döretmek üçin ulanýarlar.

Şahsyýeti beýan etmek: Sleng ulanyjylar ýaş nesliň özboluşlylygyny we öz pikirlerini beýan etmäge kömek edýär. Okuwçylar özüni belli bir toparyň agzasy hökmünde görkezmek isleýänlerinde slengi giňden ulanýarlar.

Aragatnaşyk tizligini ýokarlandyrmak: Slengiň ulanylyşy gatnaşygyň tizligini ýokarlandyrýar, çünki onuň gysga we täsirli sözlemleri wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Media we tehnologiýalar bilen sazlaşyk: Sanly tehnologiýalaryň, internetiň we sosial ulgamlaryň giňden ýaýramagy slengiň ýaşlaryň durmuşyndaky ornuny has-da artdyrdy. Çünki bu ulgamlarda özara gatnaşygyň esasy guraly sleng bolup durýar.

Tawus GOŞAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu