PsihologiýaSlider

Temperament näme?

27-02-2025 / 175

Islendik adamyň temperamenti genetiki häsiýetleri bilen şertlenen  nerw ulgamynyň görnüşine bagly bolup, olaryň her biriniň öz artykmaçlyklary we ýetmezçilikleri bar. Näme üçin çaganyň temperamentini kesgitlemek gerek? Sebäbi ene-ata bilen çaganyň temperamentiniň arasyndaky tapawut çuň dartgynlyklara getirip bilýär. Şonuň üçin meseläniň sebäbini wagtynda anyklamak zerurdyr.

Temperament näme? Ol gylyk-häsiýeti kesgitleýär, ýöne arassa görnüşde seýrek duş gelýär. Temperamentiň häsiỳetleri – bu psihikanyň indiwidual aỳratynlyklary bolup, olar adamyň psihikasynyň dinamikasyny, ỳagny, geçiş çaltlygyny kesgitleỳär. Ỳöne psihiki işiň dinamikasy diňe temperamente bagly däldir. Ol motiwlere we psihiki ỳagdaỳa hem bagly bolỳar. Temperamentiň dört tipi tapawutlandyrylýar:

Sangwinikler – bu toparyň ýüregidir, holerikler – herektlendiriji güýji, flegmatikler – biziň ynsabymyz, melanholikler – beýni merkezidir. Adatça, adamyň gylyk-häsiýetinde temperamentiň haýsydyr bir görnüşiniň alamatlary agdyklyk edip, olar beýleki görnüşleriň alamatlary bilen baglanşyp, özüňi alyp barşyň indiwidual – özboluşly stilini döredýärler.

Siz öz çagalaryňyzy syn edip görüň, sebäbi temperament siziň çagaňyzyň topardaky özüni alyp barşyny, okuwa garaýşyny, başdan geçirmeleriniň, duýgularynyň güýjüni kesgitleýär. Ýöne bir zada üns beriň. Çaganyň tertipsizligini, gödekligini, jogapkärsizligini we terbiýäniň beýleki kemçiliklerini gös-göni temperamentine syrykdyrmaly däldir. Temperament gylyk-häsiýetiň diňe dogabitdi aýratynlyklaryny häsiýetlendirýändir: emosionallyk, duýgurlylyk, işjeňlik we ş.m. Çaganyň gyzyklanmalary, garaýyşlary, edep-terbiýesi temperamentine bagly däldir. Temperamentiň görnüşi özüňi alyp baryşyň nusgasyny we hereketleriň keşbini kesgitleýär.

Ene-atalar terbiýe meselesinde çaganyň temperamentini hökman göz öňünde tutmalydyrlar. Sebäbi olaryň terbiýä ýalňyş çemeleşmeleri ene-ata bilen çaganyň arasynda dartgynly ýagdaýlaryň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin psiholog-pedagoglar çaganyň temperamentine laýyklykda terbiýe bermekligiň indiki tärlerini ulanmaklygy maslahat berýärler.

Malika SABUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu