PsihologiýaSlider

Maşgala terbiýesinde psihologik usullardan peýdalanmagyň aýratynlyklary

07-01-2025 / 230

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Häzirki döwürde maşgalanyň meseleleri köp ylymlar tarapyndan öwrenilýär: ykdysadyýet, hukuk, etika, demografiýa, etnografiýa, psihologiýa, pedagogika we beýlekiler. Bularyň her biri özboluşlylyklaryna laýyklykda maşgalanyň hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýarlar.

Her bir maşgalanyň baş maksady hünärli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Türkmen maşgalasynda perzendiň hünärli bolmagy ugrunda alada edilipdir. Gyz maşgala ejesinden öwüt-ündew alýar, oňa kiçilikden başlap, edep kadalary, öý-hojalyk, tikin-çatyn işleri öwredilýär. Halk arasynda «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Gyzly öý ― gyzylly öý» diýlip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde zenanyň orny uludyr.

Ylmy nukdaýnazardan seretsek, pedagogika maşgalanyň häzirki zaman jemgyýetin­däki terbiýe wezipelerini, onuň maksadyny, serişdelerini, ata-eneleriň hukukdyr borçlaryny, olary terbiýe tutumynda mekdep we beýleki ça­galar edaralary bilen aragatnaşygy nukdaýnazardan yzarlaýar, maşga­la terbiýesiniň mümkinçiliklerini we ýetmezçiliklerini ýüze çykarýar, olary aradan aýyrmagyň ýollaryny işläp düzýär. Şeýlelikde, maşgala – bu­ şahsyýet­ bilen­ jemgyýetiň­ özara­ täsirini­ üpjün­ edýän,­ olary­ birleşdirýän­ we­ olaryň­ höwes-islegleriniň ileri tutumlaryny ­seljerýän ­esasy­ gurluşlaryň biridir. Ol adama durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli wajyp zatlar we özüňi alyp bar­magyň nusgalary dogrusynda düşünje berýär.

Maşgala terbiýesi jem­gyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete «ilkinji durmuş sapaklaryny» berýänligindedir. Bu sapaklarda çaga geljekdäki durmuş hereketlerine we onda özüňi alyp barmagyň tärlerine gollanma alýar. Ikinjiden, maşgala terbiýesi özüniň yzygiderliligi we kemala gelýän şahsyýetiň ähli taraplaryny öz içine alýanlygy sebäpli örän netijelidir. Ol çagalaryň, ata-eneleriň öz aralaryndaky durnukly we duýgy (emo­sional) gatnaşyklary esasynda gurulýar. Bu gatnaşyklar diňe bir çaga, ata-enä tebigy mahsus söýgi we ynanç duýgulary mazmunda däl-de, çagalaryň özlerini goragly duýmagy, öz pikir-aladalaryny paýlaşmak, ululardan kömek almak mümkinçiligi häsiýetde bolýar.

Çaganyň deslapky ahlak düşünjeleri hem maşgalada emele gelýär. Oňa özüňi alyp barmagyň ilkinji düzgünleri aýratyn öwre­dilýär. Çaga adamlaryň özlerini alyp barşyndaky ýagşy we ýaman ta­raplaryna kem-kemden düşünip, olara baha berip ugraýar. Maşgalada amala aşyrylýan ahlak terbiýesiniň çygry has giň. Ony watançylyk, ynsanperwerlik, halklaryň dostlugy ruhunda ter­biýelemek, rehim-şepagatly, buýsançly, edepli-ekramly, düzgün-ny zamly, dogruçyl, ak ýürekli edip ýetişdirmek maşgalada başlanýar.

Hormatly Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşini beýan edýär. Olar şulardan ybarat: watançylyk terbiýesi; döredijilik we zehin terbiýesi; akyl we pikir terbiýesi; ylym terbiýesi; medeni aň-düşünje terbiýesi; kär-hünär terbiýesi; sungat terbiýesi; syýasy terbiýe; maliýe-ykdysady terbiýe; jemgyýetçilik terbiýesi; dil terbiýesi; ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, terbiýäniň bu görnüşleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny aýawly saklamakdan we dowam etdirmekden, jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklaryny berkitmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň medeni we ruhy mirasyna aýratyn sarpa goýýar, ýurdumyzda jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän milli gymmatlyklarymyzyň, halkymyzyň özboluşly ruhy ýörelgeleriniň kämilleşmegine ähmiýet berýär. Çünki Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biz milliligimizi gorap saklap, bu ýoly hemişe dowam etdirmelidiris. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz atadan — ogullara, eneden — gyzlara geçmelidir. Dowamat-dowam bolmalydyr!

Şerapat AÝLIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu