Psihologiýa

Zähmetsöýerlik üstünligiň açarydyr

19-08-2021 / 15

Durmuşda käbir adamlar diňe şöhrat gazanmak isleýär, tanymal hem-de meşhur bolasy gelýär. Diňe şöhrat gazanmak üçin ylgaýar, yhlas edýär, zähmetsöýerlige orun bermän öz gününi, ömrüni geçirýär. Beýik adamlaryň ýörelgesinde bolsa şöhratparazlyk diýlen düşünje ýokdur. Beýikler köpçüligiň arasyna çykanda hem töwerekdäki zehinler bilen tanyşmak, pikir alyşmak üçin çykýar. Olar beýikligi gözlemeýär, beýiklik olaryň özüni gözleýär. Hatda beýikligiň hem-de meşhurlygyň özi olara aşyk. Şöhrata höwesek bilen abraýa mynasyp adamyň arasynda uly tapawut bar.

Abraýa mynasyp adamy bolsa il-günüň öwgüsi hem, garaýyşlary hem gyzyklandyrmaýar. Olar öz hünärine, edýän işine yhlas bilen ýapyşýar, hut şonuň üçinem üstünlik hemişe şolar bilen bolýar. Seniň şöhratyň, zehiniň daş ýarýan, dünýä ýaň salýan hem bolsa, şol dünýäniň içinde sen hakda asla eşitmedikler, seni düýbünden tanamaýanlar hemişe bolup biler. Elbetde, biziň şanymyza el çarpylmagy, öwgüli sözler hemmämize ýaraýar. Bu tebigatynda bar bolan häsiýetleriň biri. Her eden işimiz üçin el çarpylmagyna garaşman, ähli ünsümizi edýän işimize gönükdirsek, şonda ir-u-giç olaryň özi alnymyza geler. Sen özüňe ynanylan, başyna baran işiňi has kämil we doly berjaý etmäge çalyş. Zähmetsöýerligiňden, başarjaňlygyňdan öz işiňe yhlas guý.

Nemes filosofy Şopengaueri hemmämiz bilýäris. Bu meşhur filosof bütin ömrüni kitaplaryň arasynda geçirdi, gözledi, tapdy, okady, ýazdy. Täsin ýeri-de öz döwründe ony hiç kim tanamady diýen ýaly, üýtgeşik şöhrata, abraýa hem eýe bolmady. Wagtyň geçmegi bilen bolsa hemmeler Şopengauer hakda gürrüň etdi, hemmeler ony okady. Gazetler diňe şol hakda ýazdy. Şonda ol çuňňur manyly bir söz aýtdy: “Bütin ömrümi ýeke-ýalňyzlykda geçirdim, unudylyp ýaşadym, bu gün bolsa birdenkä adamlar depli-surnaýly topar tutup, meni soňky ýoluma şowhun-dabara bilen ugratmak üçin geldiler”. Eger-de ol öz ömründe şöhrat gazanmak üçin ylgan bolsa, ol ýazýan mahaly öz asyl işlerine üns bermän, hemmeleriň özi hakda gürlemegine garaşardy. Hiç wagt eden işiň üçin dessine alkyş aýtmasalar ýa-da gadyr-gymmatyny bilmeseler-de, bu ýagdaýyň bizi işimizden sowaşdyrmagyna, täze zatlary döretmegimize we üstünliklere ýetmegimize päsgel bermeli däl. Edýän her bir işimize söýgi bilen çemeleşip, yhlas bilen girişip, öz döredijilik kuwwatymyza ynanalyň. Durmuş öz işini kämil we doly ýerine ýetirenleriň yhlasyny, zähmetini birjik-de köýdürýän däldir.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

  1. 👍👍👍 Terjime edilen hekaýalary we tymsallary goýaýyn. Ozalky terjime edilen hekaýalary gowy gördüm. Çagalyga bir petek… Kakama hat… Aglaýan adamyň sizi aglatjak hekaýasy… Ejemede okap berdim. Örän ussatlyk bilen terjime edilipdir. Ýüregimden aýakýalaňaç ýöräp geçdi diýsem bärden gaýtýar. Şeýle terjimelere garaşýan…

Leave a Reply

Başa dön tuşu