Adamyň gülüşine seredip onuň häsiýetini bilmek mümkin.
- Gülýän wagty ýokarky dodagy aşaky dodagyna degip dursa, bu adam durmuşda hemmäniň dykkat merkezinde bolmagy isleýändir.
- Gülýän wagty agzyny eli bilen ýapyp durýan bolsalar, onda öz güýjüne ynanmaýan, çetde durmagy dogry hasaplaýan adamlardyr.
- Kellesini arka taşlap gülýänler ynanjaň, sada, köplenç kalbyna gulak asyp iş edýän adamlardyr.
- Güleninde bir eli bilen kellesini tutýanlar, hyýalbent adamlaryň hataryna girýärler. Olaryň arzuw edýän zatlary köplenç şol arzuwlygyna galýandyr. Sebäbi olar dünýäde duşmaýan, diňe hyýallarda gabat gelýän zatlary arzuw edýärler.
- Güleninde burnuny üýtgedýän (ýokara edýän ýalyrak) ol ýa bu zada garaýyşyny tiz-tiz üýtgedýän, diňe öz diýenini edýän kejir adamlardyr. Olar köplenç töweregindäkiler bilen keýpine görä gürleşýärler.
- Agzyny açyp, hah-hah edip gatydan gülýänler, özüne ynamy belent, söbetdeşlikde özünden başganyň diňlenilmesini islemeýän adamlar toparyna degişlidir.
- Güleninde kellesini çala aşak garadyp ýuwaş gülüp goýýanlar açyk göwünli, her dürli ýagdaýa tiz öwrenişýän adamlardyr.
- Her gezek dürli gülýän adamlar, ilki bilen öz pikirini üstün goýup iş tutýan adamlardyr.
Hudaýa şükür meniňä gülişim yok ekeni🥴
Haladym