Wagty dolandyrmak näme?
Wagty dolandyrmagy islendik adam, hatda çaga-da bilýän ýaly görünýär.
Bu ylmy özleşdiren adamyň özi öz wagtynyň hojaýynydyr, iş gününi, hepdäni, aýy meýilleşdirýär, haýsy meseleleriň ileri tutulýandygyny we haýsysynyň garaşyp biljekdigini özi kesgitleýär.
Rus fiziology Nikolaý Wwedenskiý hem: ”Biziň ýadamagymyz we halys bolmagymyz köp işleýändigimiz üçin däl-de, erbet işleýändigimiz üçin, guramaçylykly işlemeýändigimiz üçin, dereksiz işleýänligimiz üçin döreýär” -diýýär.
Ähtimal, syn eden bolsaňyz köp ýagdaýlarda iş güni meýilleşdirilmedik, anyk iş wezipeler kesgitlenmedik halatynda ünsümiz işden sowulýar, bökdençlikler döreýär we yzygiderli işläp bolmaýar.
Netijede, iş günüň ahyrynda, ýerine ýetirilen işleri jemlesek, günüň dowamynda peýdaly zat edilmänligini, netijesiz we gerek däl täsirleriň bolandygyna göz ýetirýäris.
Wagt dolandyryşy näme?
“Time Management” iňlis dilinden terjime edilende –”Wagty dolandyrmak” diýmegi aňladýar. Wagty dolandyrmak – öz wagt goryňy operatiw meýilleşdirmek, paýlamak we hasaba almak.
Wagty dikeldip, yzyna gaýtaryp bolmaýar, Wagty goýum hökmünde ulanmaly.
Ýolbaşçylar, döwlet gullukçylary näme üçin wagt dolandyrmagyň esaslaryny bilmeli?
1.Möhüm meseleleri möhüm däl meselelerden tapawutlandyrmak;
2.Maksatlaryňa aň ýetirmek we umumy durmuş ýorelgeleriňe düşünmek;
3.Wagty hasaba almagy öwrenmek, gündelik durmuşyňda düzgüne öwürmek;
4.Wagtyňyzy nädip meýilleşdirmelidigini öwrenmek;
5.Işlemäge we has netijeli ýaşamaga höweslendirmek;
6.Wagty şahsy we iş, möhüm, peýdaly we dynç almak döwürlerine bölmek,;
7.Diňe bir iş üçin däl, dynç almak üçinem wagt tapmak.
(dowamy bar)
Babahan BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.