Durmuş ýolunda öňüňde belli bir maksat goýmak we öz geljegiňi şol maksadalaýyk derejede meýilleşdirmek her birimiz üçin wajyp bolup durýar. Wagtyň ählisiniň ownuk-uşak hysyrdylara, özüňe peýdasyz pikirlere sarp edilmegi, ähmiýetli zada üns berilmezligi şowsuzlykdan başga zady getirip bilmez. Öz geljegiňi göz öňüne getirip, ätjek her ädimiňi, geçjek menziliňi öňünden saldarlanyňda, geljekki maksat-myratlar babatda pikir öwreniňde, ýüze çykjak päsgelçilikleri we adatdan daşary ýagdaýlary hem gözden salmaly däl. Hemişe hemme ýagdaýa taýýarlykly bolmak taplanmaga ýardam edýär. Ýüze çykjak şeýle päsgelçilikleriň iň möhümleriniň we iň kynlarynyň biri hem agyr tankytdyr. Töweregiňden eşidilýän tankydy sözleriň maksady bolsa seniň ýörejek ýoluňy bökdemek, işleriň şowsuz bolmaz ýaly ýagdaýa salmakdyr. Aslynda şeýle tankytlar seniň taplanmagyň üçin ýene-de bir goşmaça okuwdyr.
Mertebäňe görä tankydyň hem bolar! Elbetde, her kimiň öz pikirini aýtmaga, tankyt etmäge haky bar, emma aýdylýan şol sözlerden ýalňyş netije çykaryp, maksadymyzdan dänmek bolsa şowsuzlyga uçramaklyga alyp barýar. Üstünlige barýan ýolda päsgelçilikler köpelse hem öňe ýöremegimizi dowam etdirip, maksadymyza sary at çapmakdan ýadamalyň. Üstünlik diňe öňünde goýan maksadyna ymtylýan we kynçylyklaryň öňünde ejizlemeýän adamlara nesip edýär. Ynanylan her bir işi gowy ýerine ýetirmäge, aýdýan her bir sözüňi öňküden-de has gowy, has täsirli aýtmaga çalyş. Şu zatlary endigimize öwürsek, hiç wagt ejizlemeris, asgyn bolmarys we asla ýan bermeris. Durmuş ýolunda päsgelçilikler, kynçylyklar bilen taplanyp, köňlüňizde beslän maksat-myradyňyza ýetmekde üstünlik hem-de şowlulyk size ýar bolsun! Döwrümiz asuda, durmuşymyz abadan bolsun! Şahyr B.Hudaýnazarowyň aýdyşy ýaly:
Ownujak zatlary agzap durmalyň,
Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin,
Ak gün depämizden sallanyp dursun.
Ýigit ýalňyz dogulmasyn dörände,
Hossar bolsun, dost-ýar bolsun degräňde.
Bili guşap bir tarapa ugranda,
Işimiz mydama şowlanyp dursun.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.