Buýsançly köňüller

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: täze mümkinçiliklere badalga

12-03-2025 / 80

Ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek we bu ugurdaky ýene-ýeneler milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys bolmagynda galýar. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlygyň barha çylşyrymlaşýan döwründe emele gelen ýagdaýlardan ýurduň hem-de sebitiň bähbitleri üçin ýerlikli peýdalanmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak… nukdaýnazaryndan alanyňda has zerur. Şonuň üçin-de Türkmenistan bu meseleleri milli ýa-da sebit derejesinde däl, dünýä derejesinde üns çekilmeli ugur hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýär. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

Turuwbaşdan BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda bu iri halkara bileleşigiň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynyň tötänlik däldigine ünsi çekmegi zerur hasaplaýarys. Sebäbi Türkmenistan, esasan-da, XXI asyryň ikinji onýyllygynda bu ugurda diýseň uly taslamalary durmuşa geçirdi. Ulgamyň gerimini giňeltmek, hukuk binýadyny berkitmek, ösmedik, ösüp barýan döwletler üçin-de elýeterliligini üpjün etmek babatda ençeme başlangyçlary, teklipleri, garaýyşlary öňe sürdi. Şonuň netijesinde, häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň zamanabap düzümini belli bir derejede işjeň ýagdaýa getirmek başartdy. Muňa garamazdan, türkmen döwleti bu ýoluň mümkin bolan ähli ugurlaryny häzirki zamanyň şertlerinde dikeltmek hem-de ony parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň, halklaryň dostlugynyň, döwletleriň özara hormata, şeýle-de milli bähbitlere daýanýan hyzmatdaşlygynyň hatyrasyna peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Şu babatdan alanyňda, BMG-niň ýakyn goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işjeň syýasaty özüniň miwelerini-de berýär. Şonuň netijesinde, dünýä ykdysadyýetini, syýasatyny barha ählumumylaşdyryp, biri-birine garaşly ýagdaýa getirýän XXI asyryň üçünji onýyllygynda halkara ulag-logistika ulgamyndaky ösüşiň meseleleri boýunça gepleşikler diňe bir dowam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol barha oýlanyşykly çemeleşmelere, ählumumy ykdysadyýet üçin derwaýys häsiýete eýe bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra gönükdirilen sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde degişli üstaşyr ulag, logistik ulgamyň döredilmeginde, bu babatdaky tapgyrlaýyn ösüşde möhüm orun eýeledi. Şunda esasy üns Gara deňzi hem-de Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz portlaryna çykmak arkaly, yklymara Ýewraziýa giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly düzümini döretmäge gönükdirildi. Bu ugurda uzak bolmadyk döwrüň içinde önjeýli işler edilip, dürli döwletleriň arasynda täze taslamalar babatda ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa sebitiň, umuman, Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň ösüşine we olaryň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Netijede, häzirki döwürde Aziýa yklymynyň ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri ykdysady ösüşiň derejesi boýunça dünýäde öňdäki orunlarda barýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän şu we beýleki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde, ony ykdysady taýdan ösen sebite öwürmekde, onuň dünýäniň ulag-aragatnaşyk hyzmatlary bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda aýgytly orun eýelär. Şonuň ýaly-da, ol Merkezi Aziýanyň iň möhüm halkara ulag-logistika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny has-da berkider. Şeýle başlangyçlar sebitiň halkara ulag geçelgeleri ulgamyna goşulyşmagy üçin täze çemeleşmeleri we ileri tutulýan ugurlary ösdürmekde, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini ýurtlarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna gönükdirmekde derwaýysdyr.

Eziz SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommnukasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň talyby.
Halypa mugallym: Umbar Amandurdyýew.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu