
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem taryhy-medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýän we äleme ýaýýan gadymy baýramdyr.
Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, Nowruz baýramy ençeme asyrlardan bäri tutuş adamzadyň durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ynsanlary dost-doganlyga çagyrýar. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyryp, umumy öýümiz bolan tebigata söýgüni, zähmetsöýerligi ündeýär. Gadymy baýram parahatçylygyň, ylalaşykly ýaşamagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň jarçysy hasaplanýar. Şonuň üçin hem Halkara Nowruz güni dünýäniň iri we abraýly halkara bileleşigi tarapyndan adamzadyň terbiýeçilik ähmiýetli hem-de gymmatly baýramçylyklarynyň biri hökmünde halkara derejesine eýe boldy.
Mähriban halkymyzyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan bu bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän, milli öwüşgine beslenen dabaralar Türkmenistanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini, ýurdumyzyň parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmasyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär” diýip nygtaýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem geçirilýän bag ekmek dabarasynyň netijesinde tanalmaz derejede özgeren “Nowruz ýaýlasy” myhmanlary ajaýyp görnüşde garşylaýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda tutuş Türkmenistan boýunça ýazky bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bagy-bossanlygyň mekanyna öwrülýär. Olar täzelenişiň we ösüşiň aýdyň nyşanlarydyr.
Bahar paslynyň eziz Diýarymyza toý bolup gelýändigini äleme jar edýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni her birimiziň, aýratyn-da bagtyýar ýaş nesilleriň kalbynda gülläp ösýän ata Watanymyza, bagtly şu günümize hem-de nurana geljegimize bolan buýsanç duýgularyny terbiýeleýär.
Bahar ARAŞEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.