
Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligiň we rehimdarlygyň ýokary ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň çuňňur paýhasly eserlerinde medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, yrym-ynançlarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardygyny, halkymyzyň milli baýramlarynyň örän ähmiýetlidigini nygtaýar. Hususan-da, Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynda Nowruz baýramynyň gelip çykyşy anyk taryhy mysallar arkaly giňişleýin düşündirilýär. Kitabyň «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölüminde: «Nowruz baýramynyň örän gadymy döwürlerde, ata-babalarymyzyň parasady bilen döredilen baýramdygyna söz bolup bilmez» diýlip beýan edilýär.
Nowruz baýramy bilen bagly pähimler Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda hem bellenilip geçilýär. «Ýylyň gelşi nowruzyndan belli…», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz», «Nowruz gelse, buz durmaz…», «Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş» ýaly parasatly setirler ata-babalarymyzyň akyl eleginden döräp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Däp bolşy ýaly, Nowruz baýramynda owadan bezelen hiňňildikler gurnalýar. Hiňňildiklerde uçmak ruhy taýdan päklenmek hasap edilýär. Bu adat täze ýyla täze gujur, nurana niýetler bilen girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem köpöwüşginli lybaslar, ähli ýerlerde ýaňlanýan aýdym-sazlar tebigatyň janlanmagynyň hem-de durmuşyň täzelenmeginiň hormatyna guralýan, gadymdan gelýän bu dabaralaryň çuň many-mazmuna eýedigini alamatlandyrýar. Milli bahar baýramynda halkymyzyň daýhançylyk, bagbançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleri hem berjaý edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk we şowhun bilen garşylady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ajaýyp bahar pasly sahawatly topragymyza rysgal-bereketli, ygally-ýagmyrly geldi. Şu bahar günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän dabaralar gadymy türkmen topragyny ruhy gymmatlyklaryň nury we ýylysy, asyrlaryň paýhasy bilen şöhlelendirip, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyryp, ajaýyp duýgulary peşgeş berýär. Bu baýram halkymyzyň belent ruhuny, zähmetsöýerligini hem-de galkynyşy özünde jemläp, hemmeleri ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar we ýüreklerimizde gülläp ösýän Watanymyza, bagtyýar şu döwrümize hem-de nurana geljegimize buýsanjymyzy, söýgimizi artdyrýar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.