
Bilşiňiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi.
BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hemmeleriň şatlygyny goşalandyrdy. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama BMG-niň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendine laýyklykda kabul edildi. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşigi derejesinde üçünji gezek ykrar edilmeginiň Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýanyň, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň birnäçe gezek tassyklanylmagy hem-de bitaraplygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň arasyndaky arabaglanyşygyň ählumumy derejede ykrar edilmegi dünýädäki ýagdaýlaryň häzirki çylşyrymly döwründe has-da möhümdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň özeni bolup, onda parahatçylykly hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasy orun eýeleýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatyny ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalary mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Gyzylgül TEKELIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.