Siziň üçin...

Başlangyç bilim ― baş binýat

12-03-2025 / 101

Mälim bolşy ýaly, başlangyç bilim baş binýatdyr. Şonuň üçin orta mekdepleriň başlangyç synplarynda berilýän bilim, terbiýe iň möhüm basgançak bolup durýar. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, başlangyç synplarda dürli derslerden ilkinji düşünjeler berilýär we olara degişli başarnyklar we endikler kemala getirilýär. 

Ak mekdebe ilkinji gadam basan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi bilimli nesil hakyndaky aladanyň binýadydyr. Sapagy kompýuter arkaly guramak derse degişli maglumatlary okuwçynyň çalt we ýeňil ýadynda saklamagyna ýardam edýär. Kompýuterler başlangyç synp okuwçyda okamaga höwesi we gyzyklanmany artdyrýar. Bilim berýän başlangyç synpymda, ilki bilen, sapakda geçjek täze tema degişli slaýdlary yzygiderlilikde açyp, okuwçylary täze sözler bilen tanyşdyrýaryn, şeýle-de tema degişli suratlary görkezýärin. Kompýuteriň kömegi bilen her okuwça täze öwrenilen sözleri gaýtaladýaryn.

Ýene-de bir zady bellemek gerek, çagalaryň oýna höwesli gatnaşmaklaryny gazanmak, onuň gyzykly bolmagyny üpjün etmek üçin onda bäsdeşlik we ýaryş häsiýetleriniň bolmagyna pugta üns bermek möhümdir. Şunlukda, oýnuň şowhunlylygyny artdyrmak (ýaryşy gyzyklandyrmak) üçin toparlaryň hereketlerine baha bermekde ýyldyzjyklary synp tagtasynda çyzmak, baýdajyklary görnükli ýerde goýmak peýdalydyr. Sapagyň ahyrynda oýnuň jemini jemläp, toparlaryň her biriniň oňat hereketlerini aýtmaly. Bäsleşik görnüşli oýny derňew etmeklige okuwçylaryň özlerini çekmek peýdalydyr. Şonda ony gowşak okuwçylaryň pikirlerini bilmekden başlamak has-da netijeli bolar. Oýunlary öz guraýan sapaklarymda ulanýaryn. Bu bolsa çagalaryň matematika sapagyna bolan höwesini artdyrýar.

Geçilen temany berkitmekde kompýuterdäki ýumuşlardan peýdalanmak okuwçylarda özbaşdak pikirlenmek we ugurtapyjylyk ýaly bilim başarnyklarynyň kemala gelmegine getirýär. Mysal üçin, reňkler öwredilende, berlen şekiljigi eşidýän sesi bilen dogry tapyp, reňklemegi okuwçyda ünslüligi, dürs sözleýşi we işjeňligi terbiýeleýär. Okuw-terbiýeçilik işinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmak okuwçylaryň geljekde döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jumagül ABDULLAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu