Siziň üçin...Slider

Bahar gül Diýara toý bolup gelýär

11-03-2025 / 84

Türkmen topragyna gelen ýaz pasly ýakym hem ýalkym bolup ýaşaýyşa ýaraşyk berýär. Tebigy gözellikler ähli ýere ýaýrap, aýratyn öwüşgini bilen ömürlere hem göwünlere täsir edýär.

Baglar şaha ýaýyp, ösümlikler boý alýar. Tereñ çeşme-çaýlarda lummurdap akýan suwlar, baglarda saýraýan guşlar… bularyñ ählisi bu paslyň kalby heýjana getirýän, göwni göterýän gözellikleri. Her ýylyñ ýakymly ýaz täsirlerinden ruhlanyp, bereketli türkmen topragyna täze ýylyñ hasyly üçin tohum sepilýär. Bu ene ýeriň giň mümkinçilikleriniñ ynsan üçin giñden açylýan, eçilýän döwrüdir.

Mart aýy hem bu paslyñ pajarlaýan döwri bolup, türkmeniñ toýly-tomaşaly günleri bilen juda sazlaşýar. Şanly wakalaryñ, uly dabaralaryñ guralýan bu günlerinde her bir ynsanyñ ruhunda belentlik, süňňünde sagdynlyk duýulýar. Şunda agzybir halkymyz gözelligiň, täzelenişiň, tebigata egsilmez söýginiň beýany bolan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen toýlaýar. Biri-birine ulaşýan çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary il-ulsumyzyň ene topraga bolan hiç haçan öçmejek buýsanç, mähriban Watanymyza bolan synmaz söýgi duýgularyny şöhlelendirmek bilen, bagtyýar durmuşymyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.

Şeýle arzyly pursatlarda il abatlygyny, Watan bagtyýarlygynyñ baky dowam bolmagyny arzuwlap, Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyñ kandidaty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu