Siziň üçin...

Dil – ruhy gymmatlyk

04-03-2025 / 39

Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, halkyň ruhy baýlygydyr. Asyrlaryň dowamynda döredilen edebiýat, halk döredijilik eserleri hem diliň önümidir. Şonuň üçin türkmen dili halkymyzyň egsilmez hazynasydyr, mukaddes gymmatlygydyr.

Häzirki wagtda Döwletmämmet Azadynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň we beýleki akyldarlaryň eserlerini çuňňur öwrenmek bilen dilimiziň baýlygynyň, gadymylygynyň aýdyň mysallaryny görýäris. Bu bolsa milli dilimize we çeper edebiýatymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Magtymguly türkmen diliniň gözelligini doly açyp görkezen ilkinji nusgawy şahyrlaryň biridir. Onuň özboluşly şygryýet ýoly bolupdyr. Ol pikirlerini gysgaça we örän jaýdar beýan edipdir. Onuň köp setirleri atalar sözüne, nakyllara, parasatly jümlelere öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň kitaplary mukaddeslige deňelip, aýawly saklanypdyr».

Ruhy gymmatlygymyz bolan dilimiziň ylmy esasda öwrenilmegi, has-da baýlaşmagy ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem dilimizi ýaş nesillere mynasyp öwretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimiz ylmy esasda öwrenilip, ýaş nesillere çuňňur many-mazmuny bilen öwredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň kämil hünärmenler, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri hakynda çuňňur alada edýär. Şonuň netijesinde hem orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde dünýä dillerini, ene dilimizi öwretmek ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa ýaşlaryň dil babatda kämil bolmaklaryna ýardam edýär.

Ene dilimiz gadymdan gelýän milli gymmatlygymyzdyr, medeni we ruhy baýlygymyzdyr. Pähimdar pederlerimiziň nakyllarda, halk döredijiliginde, çeper eserlerde gözellik derejesine ýetiren dilimiziň söz baýlyklaryny ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler bar. Halkyň dili – bu halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Çünki dil halkyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen gymmatly baýlygydyr. Iň esasy bolsa, dil halkyň dünýägaraýşynyň, milli medeniýetiniň ruhy gymmatlygydyr.

Aýsenem ATAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu