
Çagalarda Watana bolan söýgini terbiýelemek irki ýaşdan başlanýar. Çaga maşgaladan, telewizordan, radiodan öz Watany barada köp zatlary eşidýär. Bu zatlar çagalarda Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýginiň başlangyjyny başlaýar. Çagalara Watana bolan çyn söýgini terbiýelemek kem-kemden kemala gelýär.
Çagalaryň düşünjeleriniň artmagy bilen berilýän bilim hem giňelýär. Watana bolan söýgi maşgaladan, çagalar bagyndan, ýaşaýan obasyndan başlanýar. Şoňa görä-de, çagalarda Watana bolan söýgini çagalar bagy maşgala bilen birlikde alyp barmalydyr. Watana bolan söýgi maşgalada ata-enesine, doganlaryna, ýakyn adamlaryna bolan söýgüsinden başlanýar. Terbiýeçi çagalaryň ata-enesiniň işi, onuň ähmiýeti bilen tanyş etmelidir. Mümkin bolsa çagalaryň käbiriniň ata-enesi bilen duşuşyklar guramalydyr.
Çagalarda baýramçylyklaryň, sapaklaryň üsti bilen watançylyk terbiýesini bermek has-da täsirlidir. Şol sanda aýdym-saz sapaklarynda hem bu terbiýe ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär. Watançylyk mazmunly aýdymlar, aýdym-saz sapagynyň okuw meýilnamasyndaky temalar boýunça çagalara aýdymlaryň sözleri we onuň mazmunyny düşündirmeli. Ýerine ýetirilýän sözleriň manysyna düşünýän çagalar sözlerini has täsirli beýan edip bilerler. Sungatyň üsti bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň toý-baýramly ajaýyp durmuşyny wagyz etmek bolar. Bu terbiýeçilik usullaryny baýramçylyklaryň we göwnaçma çäreleriniň üsti bilen hem wagyz edip, Garaşsyz Diýarymyzda toý baýramlaryň mynasyp baýram edilýändigini, her bir günümiziň şatlykly wakalara beslenýändigini, çagalaryň bagtyýar durmuşy we röwşen geljegi ugrunda ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigini wagyz etmek hökmandyr.
Şeýle usullar mekdebe çenli çagalar edalarynyň terbiýeçilik işiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan bagtyýar nesillerimizi milli watançylyk ruhunda terbiýelemek olaryň geljekde il-halkymyzyň, mähriban topragymyzyň ösüşlerine goşant goşup biljek şahsyýetleri kemala getirmekde ähmiýetlidir.
Ogulmeňli ÇARYÝEWA,
Mary şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.