Buýsançly köňüller

Saglygy goraýyş ulgamy: belent sepgitlere ýetilýär

11-03-2025 / 10

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň şanly wakalarynyň biri — baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ildeşlerimiz zähmet üstünlikleri bilen barýar.  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyz üçin taryhy seneleriň ýene-de biri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň ýetip gelmegidir. 

Sanlyja ýylyň içinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Keselleri ir anyklamak, netijeli bejermek we öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda üstünlikli netijeler gazanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ýaş lukmanlary taýýarlamakda we olara bilim öwretmekde döwrebap işler alnyp barylýar. Şunda ylmyň iň täze gazananlary, lukmançylyk ylmynyň ugurlary has çuňňur öwredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alnyp, dermanlyk çig mallary taýýarlaýan we ýygnaýan hünärmenlere dermanlyk ösümlikler, olaryň ekologik ähmiýeti baradaky maglumatlary ylmy esasda öwredilýär.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy.

Eziz Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde meşhurdyr. Sagdyn bedeniň kesellere garşy durnuklylygy gazanylýar, ömrüň dowamlylygy artýar. Mähriban halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýjahan KADYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu