Buýsançly köňüller

Ki­tap­ha­na işi iler­le­dil­ýär

10-03-2025 / 36

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda ösüş-özgertmelere beslenýän ýylda kitaphana işgärleriniň kalby has-da joşgunly. Munuň özi şanly ýylymyzyň ilkinji aýynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 24-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu resminamasy esasynda Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025—2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem tassyklandy. Munuň özi täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmekde, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmakda, ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Gysga taryhy döwrüň dowamynda ata Watanymyzda kitaphana ulgamynyň döwrebap ösüşlere eýe bolandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Kitaba çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen geçen ýyllarda ýurdumyzda täze kitaphanalaryň ençemesi döredilip, olaryň kaşaň binalary guruldy. Bu ugurdaky döwletli başlangyçlaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi biz — kitaphana işgärlerini diýseň buýsandyrýar, döredijilikli zähmete, uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy kitaphana ulgamyna berýän üns-aladasynyň dabaralanmasy boldy.

Ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny ösdürmek, kitaphana işine innowasion ösüşleri ornaşdyrmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Solmaz RAZAKOWA,
Halaç etrap Medeniýet bölüminiň kitaphana işgäri, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu