
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş desgalaryna halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bolsa ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyny artdyrýar.
Geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasypdyr. Bu desgalaryň gurulmagy «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy: olaryň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga ýardam etdi. Bu bäsleşigiň GFR-iň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemek gerek. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalaryň berilmegi olaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Ilatyň saglygyny bejermäge we dikeltmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp desgalary gurduryp ulanmaga berýän lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de hemişe rowaçlyklara beslensin!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyñ müdiri.