
Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, edara-kärhanalarda bolşy ýaly, bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem mynasyp bellenilýär. Bagtyýar nesillerimiziň sowat öwrenýän we tebiýelenýän ojagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bu baýramçylyk many-mazmunly we belent ruhly guralýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk şatlygymyzy has-da artdyran bu serpaý biz — zenanlaryň göwnüni galkyndyrýar.
Degişli guramaçylyk meýilnamasyna laýyklykda,, ähli çagalar bakja-baglary bahar gözellikleri bilen bezelip, toý meýdançasyna öwrülýär. Baýramçylygyň geçirilýän ýerinde degişli tertibe görä günüň birinji ýarymynda çaglaryň şadyýan çykyşlary, gutlaglary, labyzly goşgulary, sahnajyklary, aýdym-sazlary we joşgunly tanslary ýaýbaňlandyrylýar. Ähli ýerine ýetirilýän çykyşlarda, bilim işgärleriniň gutlaglarynda mähriban zenanlaryň, eziz eneleriň waspy belentden ýaňlanýar. Gadyr-gymmaty, hormat-sarpasy belentde tutulýan enelerimiziň mähriban çagalary, bagtyýar perzentleri tarapyndan gutlanylmagy ýokary many-mazmunly we täsirli bolup, okuw-terbiýeçilik işiniň hil derejesini artdyrýar.
Halkara zenanlar güni nesil terbiýesinde-de uly ähmiýete eýe bolup, çagalarda enä hormat goýmak, olary söýmek, olary goramak we öz üstünlikleri bilen guwandyrmaga çalyşmak duýgusyny ösdürýär. Şu günki arassa ahlakly, edep-terbiýeli, ýiti zehinli balalarynyň bagtyna guwanyp, geljekde has arzyly ak günleri garşylamak ähli eneler üçin bagtyň başydyr, naýbaşysydyr. Goý, ähli zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Ogulbossan BERDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň başlygy.