Buýsançly köňüller

Zenan ýylgyrsa, zemin ýylgyrar

05-03-2025 / 51

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär. Çünki bahar pasly özi bilen Halkara zenanlar baýramçylygyny hem alyp geldi. Bu baýramyň döwlet derejesinde bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zenanlara goýulýan belent sarpanyň, hormatyň nyşanydyr.

Şöhratly taryhymyzdan bilşimiz ýaly, türkmeniň geçmişinde belent ykbally zenanlar bir ýa iki bolmandyr. Olaryň içinden tutuş halky agzyna garadyp bilen hanlar-da, alymlar-da, zehinli şahyrlardyr sazandalar-da bolupdyr. Türkmen zenanlarynyň özlerini watansöýüji, ar-namysly, edep-ekramly, salyhatly, gaýratly, süňňi sagdyn, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadandyklary dogrusyndaky maglumatlar taryhyň sahypalarynda aýratyn orun alypdyr. Taryhda zenanlaryň tutýan orny baradaky pikirler geçmişde baky yz goýan zenan şahsyýetleri — Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus peri, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn, Güljemal han, Sülgün han… ýaly edermenligiň taýsyz nusgalaryny biygtyýar ýadyňa salýar.

Dünýäniň görküne deňelýän eneleri, Zeminiň zynaty hasaplanýan gelin-gyzlary hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň özi-de eneler hakynda aýdylanlaryň, ýazylanlaryň üstüni ýetirýär, kalba ýakymly ene sözüniň, sözleri alkyşly zenanlaryň, eli çeper gyzlaryň ynsan aňyýetinde, umumadamzat durmuşynda tutýan ornuny belende göterýär.

Türkmen zenany döwür bilen aýakdaş barýar. Türkmenistanda döwlet-jemgyýetçilik ösüşini amala aşyrmagyň ähli ugurlarynda zenanlaryň işjeň orny bardyr. Olara jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga, intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge, harby we hukuk goraýjy edaralarda zähmet çekmäge doly mümkinçilikler döredilendir.

Bu günki gün Diýarymyzyň owadan baharlarynyň başy ýene-de gözel tebigatymyzyň ajaýyplygy bilen bäs edýän gül ýüzli zenanlarymyzyň baýramy bilen başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlaryň, eneleriň ornuny, hormatyny has-da beýgeldýär. Ine, şol buýsançly duýgulary baýdak edinip, biz bu günki ajaýyp günlerimizde öz mähribanlarymyza ähli gowulyklary arzuwlap, tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz enelerimiziň, zenanlarymyzyň mähir-muhabbetden doly ýüzleri hemişe ýylgyryp dursun!

Zöhre NAZARGELDIÝEWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu