Buýsançly köňüller

Ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine ygrarlylyk

05-03-2025 / 50

Türkmenistan BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna — Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda, Apatridleriň derejesi hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy, apatridlere we beýleki möhüm migrasiýa meselelerine bagyşlanan wekilçilikli forumlaryň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilen ýyllarynda Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň giriş-çykyşyny hasaba almak we olaryň hasabyny ýöretmek, olara Türkmenistana gelmek we gitmek üçin çakylyk hatlaryny hem-de wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnamalary, işlemek üçin rugsatnamalary resmileşdirmäge ygtyýarly bolan bolsa, soňky ýyllarda bu ygtyýarlylyklaryň hataryna Döwlet serhedinden çykyş-girişleri hasaba almak, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, Türkmenistanyň raýatlygyny dikeltmek, Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak boýunça resminamalary kabul etmek we olary taýýarlamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurda hemişelik ýaşamaga göçüp gitmek üçin resminamalaryny resmileşdirmek işleri hem goşuldy. 2008-nji ýyldan başlap gullugymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýatlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän biometrik pasportlary resmileşdirip başlady. Soňky ýyllarda hereket edip başlan hyzmatlarymyzyň hatarynda bolsa «Maglumat ibermek» we «Onlaýn hyzmatlar» bölümçeleri tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlary görkezip bileris.

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly ynsanperwer başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Ynsanperwer meseleler boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň hatarynda her ýylda müňlerçe adamyň döwletimiziň raýatlygyna kabul edilip, Türkmenistanyň raýatynyň pasportlarynyň gowşurylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Şunda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi. Ýeri gelende bellesek, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sebit we dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlaryny ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Batyr NEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň gözegçisi, uly leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu