
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Men bäsleşigiň «Ýylyň sungatda işjeň zenany» ugry boýunça gatnaşdym. Bu bäsleşigiň döwlet tapgyry şu ýylyň 1-nji martynda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşigine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler we çykyş etdiler. Şol çykyşlar zenanlarymyzyň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Berkarar döwletimizde gelin-gyzlara, ene-mamalarymyza goýulýan sarpa we hormat olary mundan beýläk hem ähli babatda gazanylýan köpugurly ösüşlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ýeri gelende Diýarymyzda köp çagaly enelere durmuş ýeňillikleriniň döredilýändigini, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygyny hem bellemek örän ýakymly. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrundaky ajaýyp işler bolsa döwletlilik ýolunyň dowamatyna, nesilleri ak ertirleriň bosagasyna atarýar.
Şunuň bilen baglylykda, «Ýylyň zenany» bäsleşigi hem möhüm ähmiýete eýedir. Bäsleşige gatnaşyjylara Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa bizi örän buýsandyrýar. Biz ― zenanlar «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen arzyly eserleri bilen enä sarpa goýmagyň nusgasyny görkezýän, beýik işleri bilen zenanlaryň ykbalyny gülledýän Gahryman Arkadagymyza, zenan sarpasyny belende göterip, göwünlere ganat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Laçyn REJEPGULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginiň Awçy oba medeniýet öýüniň medeni çäreler guramaçysy.