Buýsançly köňüller

Öý-ojagyň gelşigi

8-nji mart — Halkara zenanlar güni

05-03-2025 / 49

Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri döredilýär. Tebigatyň ajaýyp keşbe giren çagynda — baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentde saklanýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesi esasynda berkarar Watanymyzda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamaklary, yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen paýhasly sözleri ata-ene, maşgala mukaddesligi bilen bir hatarda, bütin halkyň mertebesini has-da belende götermek baradaky aladadan nyşandyr.

Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda zähmet çekýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, ata Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, maşgalany goldamak, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler halkara jemgyýetçilik tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Milletimiziň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwer däplerini saklaýjylar bolan mähriban zenanlarymyzyň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri, şeýle hem sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyz «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, olara döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Döwletimizde köp çagaly eneleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň şaýatnamasyna öwrülen bu hormatly at enelere goýulýan sarpanyň, öňden gelýän ilhalar ýörelgeleriň dowamydyr.

Mähriban zenanlarymyza belent sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň medeni durmuşyny baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da ösdürmekde alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

Selbi ALLAMYRADOWA,
Mary etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu