
Mälim bolşy ýaly, 1-nji martda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygynyň, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň döwrebap röwüşde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Geçirilmegi indi däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşigi zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ösüşleriň dürli ugurlary boýunça olaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly asylly maksatlardan ugur alnyp guralýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan beýik işlerimize gelin-gyzlarymyz mynasyp goşant goşýarlar» diýen sözlerinden ruhlanan zenanlar bu ýyl hem degişli Düzgünnama laýyklykda, 8 ugur boýunça bäsleşdiler.
Men hem bu bäsleşige «Ýylyň çeper elli zenany» ugry boýunça gatnaşdym. Hut şu ugurdan bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldum. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gatnaşan ezber zenanlaryň syýasy-jemgyýetçilik we medeni-köpçülikleýin işlerde gazanan üstünlikleri öwrenilip, olardan şanly ýylda sungatda, döredijilikde, telekeçilikde, oba hojalygynda, bilim ulgamynda, işewürlikde, harby we hukuk goraýyş işinde, halypa-şägirtlik ýörelgesini kämilleşdirmekde has tapawutlananlary degişli ugurlar boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ajaýyp ýeňişler Watana bolan söýgimizi has-da artdyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Mundan beýläk-de ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Menzil ROZMYRADOWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.