
Sport — bu ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň, kuwwatlylygyň we maksada okgunlylygyň jemlenmesidir. Häzirki zaman dünýäsinde ol özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak gurşawyny döretmäge ýardam edýän sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegidir. Şoňa görä-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde bedenterbiýe sapaklarynyň talabalaýyk guralmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhy taýdan has kämil, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary okadylýar. Bu bolsa milli sportumyzyň ösmegine giň mümkinçilikler döretdi.
Orta mekdepleriň ähli synplarynda ýaş nesliň uly höwes bilen gatnaşýan sapaklarynyň biri hem bedenterbiýedir. Bedenterbiýe boýunça geçilýän ähli okuw sapaklary milli terbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, çagalary jemgyýete peýdaly zähmete we durmuşa taýýarlamagy maksat edinýär. Bu ders boýunça okuw maksatnamasy esasynda geçirilýän sport çäreleriniň görnüşleri birnäçe bölümlere bölünýär. Olar gimnastika, ýeňil atletika, hereketli oýunlar, sport oýunlary, kros ylgawy, suwda ýüzmek ýaly görnüşlerdir.
Okuw maksatnamasynda berilýän temalar mysaly görnüşde hödürlenýär. Her bir bedenterbiýe mugallymy ýyllyk iş meýilnamasyny düzende, ýerli şertlere we mekdebiň mümkinçiliklerine görä onuň görnüşlerini saýlap biler. Bu birinjiden, mugallymyň hünär taýýarlygyna, ikinjiden, mekdebiň maddy-tehniki üpjünçiligine baglydyr.
Bedenterbiýe sapaklaryny, mümkin boldugyça, açyk howada guramak maslahat berilýär. Sapaklar ýapyk jaýda guralsa, onuň howasy oňat şemalladylan bolmalydyr. Şeýle hem kadaly ýylylyk saklanmalydyr. Okuwçylar bedenterbiýe dersiniň haýsy görnüşine gatnaşanlarynda-da olaryň hersiniň ýörite gigiýena talaplaryna gabat gelýän sport egin-eşikleri bolmalydyr.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Furkat IBRAGIMOW,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.