Siziň üçin...

Ýaş nesliň terbiýe mekdebi

03-03-2025 / 11

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan  nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere irki ýaşdan başlap, zamanabap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitaby özünde örän uly gymmatlyklary bir ýere jemleýär. Bu kitap ähli ynsanlaryň, şol sanda ýaş nesliň terbiýe mekdebi bolup durýar. Nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýän bu kitapda watançylyk we gahrymançylyk ündewleri hem beýan edilýär.

Ata-babalarymyzyň bize galdyran ruhy gymmatlyklarynyň hatarynda, ýagny halk döredijiligi eserleriniň iň esasylarynyň biri hem nakyllardyr. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden şu günki günlere çenli gelip ýeten ruhy baýlygydyr, edep-terbiýe mekdebidir. Nakyllar çagalara öwüt-ündew, terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir, çünki olaryň edepli, tertipli, abraýly, ilhalar adam bolup ýetişmeginde ata-babalarymyzyň döreden nakyllaryna salgylanmak oňyn netije berýär. Çaga her bir hereketinde, özüniň geljekki durmuşynda ony sapak edinýär.

Türkmen halkynda ýagşylyk etmek manysynda gelýän nakyllar, tymsallardyr yrymlar çuňňur many-mazmuna eýedir. Mysal üçin, «Ýagşy ata — bir gamçy, ýaman ata — müň gamçy», «Ýagşy adamyň ýagşylygy deger bar ýerde, ýaman adamyň ýamanlygy deger her ýerde» diýen ýaly nakyllaryň terbiýeleýjilik ähmiýeti uly bolupdyr.

Edep-terbiýe barada ata-babalarymyz ençeme nakyl döredipdirler. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyla görä, çagany näçe gowy görseňem, kiçiliginden başlap, hatda dil bitmezinden öňünçä oňa edep öwredip başlamaly. Edepli çaga ähli ýerde özüni tertipli alyp barmagy başarýar. Perzendiň edepli bolmagy üçin ata-babalarymyz öz çagalaryna hemişe diýen ýaly söz bilen täsir edip durupdyrlar. Şonuň üçin «Edep başy — dil», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Edepli ile ýarar» diýen ýaly nakyllar döräpdir.

Şunuň ýaly mazmunly nakyllaryň ençemesini özünde jemleýän “Paýhas çeşmesi” kitaby ýaş nesillere ýol-ýörelgedir, terbiýe mekdebidir. Biz bilim-terbiýeçilik işimizde bu kitapdaky nusgalyk nakyllardyr atalar sözlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermek babatda ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bahargül ÝOLDAŞOWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu