Buýsançly köňüller

Halkara zenanlar güni mynasybetli

03-03-2025 / 13

Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Daşoguz welaýat Sport we bedenterbiýe müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Sportuň woleýbol görnüşi boýunça Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýygyndy topary 1-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan topara Kubok we Hormat haty, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän zenanlaryň ýygyndy topary:

  1. Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Garaýewa Kümüş;
  2. Daşoguz şäheriniň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Haýytbaýewa Jahan;
  3. Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gaýypowa Aýna;
  4. Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Abdullaýewa Sülgünjemal;
  5. Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Omarowa Mährijemal;
  6. Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Annakurbanowa Oguljeren;
  7. Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja bagynyň müdiri Töräýewa Gülşat;
  8. Daşoguz şäheriniň 24-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Ibragimowa Züleýha;
  9. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy Tahyrowa Matlýuba;
  10. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň mugallymy Sadullaýewa Elmira dagylar gatnaşyp, ýokary işjeňlik görkezdiler.

Kümüş GARAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu