
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap bilim ojaklarynda ähli dersleri talabalaýyk geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda zähmet sapagy hem bardyr. Zähmet mugallymy mekdep okuwçylaryny durmuşa, döredijilikli zähmet işine taýýarlaýar, olarda zähmet başarnyklaryny we endiklerini
kemala getirýär, zähmet, ahlak, gözellik terbiýesini amala aşyrýar, olary hünäre taýýarlaýar.
Zähmet okuwy beýleki dersler bilen bilelikde şahsyýetiň kemala gelmeginde, syýasy aňly-düşünjeliligiň terbiýelenmeginde, ýokary ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär. Şunda mugallymyň taýýarlygy, onuň bilimi, işe gyzyklanmasy bu köp derejede okuw işini kämilleşdirmek meselesini üstünlikli çözmäge, ýurdumyzda ösýän ylmy-tehnikanyň talaplary, döwrebap ylmy ýörelgeleriniň we medeniýetiniň umumy derejesi bilen gabat gelmelidir.
Zähmeti okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy meselesi geljekki mugallymlara okuwyň usullaryndan, tärlerinden, gurallaryndan nähili peýdalanmalydygyny öwretmekden ybaratdyr. Şunda zähmet sapaklarynda okuwçylaryň, aýratyn hem gyzlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyklaryny gazanmakda, el işleriniň inçeligine, nepisligine, olaryň gadymylygyna, milliligine bolan ukypdyr zehinini, başarnygyny açyp görkezmekde, çeper elli gyzlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Mekdeplerde dürli zähmet gurallary, tikin maşynlary bilen gurnalan ýörite synp otaglary bar. Gyzlar 4 — 6-njy synplarda depjemek, köklemek, keşde gaýamak, haly dokamak, köýnek tikmek ýaly el işlerini öwrenýärler. Ýaşlaryň terbiýesinde millilige bolan buýsanç duýgusyny döretmek mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar.
Zähmet otagymyzda her bir gurnak üçin gerek bolan gurallaryň döwrebap görnüşleri bar. Okuwçy gyzlar aşpezligi, haly dokamagy, tikinçiligi, örüm işlerini, milli nagyşlary keşdelemegi uly höwes bilen öwrenýärler. Biz — bilim işgärleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki nakyllary we atalar sözlerini sapakda ulanyp, bilimiň hilini has-da gowulandyrmaga goşant goşýarys.
Baýramgözel MUHAMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.