Buýsançly köňüller

Lukmançylyk ylmyna goşant

02-03-2025 / 9

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti zehini, giň dünýägaraýşy, öňdengörüjilikli pähim-parasady bilen ençeme eserleri, ajaýyp kitaplary döredip, okyjylar köpçüligine peşgeş berdi hem-de halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, paýhas hazynasynyň has-da baýlaşmagyna uly goşant goşdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa lukman Arkadagymyzyň köptaraply döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär.

Bu kitabyň häzirki wagta çenli 16 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işi bolan bu eserine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma yzygiderli artýar. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz paýhasly pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän özboluşly milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durmak bilen, halkymyzyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýar, ony goramaga uly üns berýär, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýar. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürli ýyllarda halkymyza peşgeş eden kitaplary Milli Liderimiziň ata Watanymyza, mähriban halkymyza bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr.

Lukman Arkadagymyz bu ylmy-ensiklopedik eserinde okyjylara ýüzlenmek bilen: «Bu kitabyň siziň hakyky we hoşniýetli maslahatçyňyza öwrüljekdigine, türkmen tebigatynyň güýjüni abadançylygyň hatyrasyna ulanmaga we köp ýyllaryň dowamynda saglygyňyzy, ýaşlygyňyzy we gözelligiňizi saklamaga kömek etjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Hakykatdan-da, Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, indi birnäçe ýyllardan bäri bu kitabyň her bir jildi lukmanlar üçin gymmatly gollanma, öz derdine şypa gözleýän adamlara ýakyn ýardamçy bolýan ýankitaba öwrüldi.

Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň biz — lukmanlar üçin gymmatly gollanma bolýan şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. Halkyň saglygyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilerledilmegine hemişe aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Zakirjan HOJAMBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu