
Mekdebe çenli çagalar edarasynyň topar otaglarynda terbiýeçiniň usuly burçuna uly orun degişlidir. Otagyň bu ýeri terbiýeçiniň sapagy nähili derejede mazmunly guraýandygyndan we toplan tejribesinden habar berýär. Ondaky terbiýeçiniň öz elleri bilen ýasan esbaplary we beýleki serişdeleriň talabalaýyklygy, ykjamlygy, täzeçilligi, ähmiýetliligi we göwnejaýlygy, netijeliligi we wajyplygy taýdan tapawutlanýan esbaplaryň köpdürlüligi we mazmunlylygy bilim işgäriniň sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär.
Burçdaky esbaplaryň sapaklarda yzygiderli, maksadalaýyk peýdalanylmagy öwrenilýän temany doly derejede açyp görkezmäge, sapagy baýlaşdyrmaga, öwrenilýän maglumatlary özleşdirmäge uly kömek berýär. Terbiýeçi öz esbaplary arkaly dilden düşündiriş beren maglumatlarynyň üstüni ýetirýär. Köp ugurly esbaplar boýunça çagalar bilen bilelikde işlemek arkaly nazary bilimleri amaly taýdan berkitmek bolýar.
Ýeri gelende bellesek, görkezme serişdeleriniň çagalaryň dünýäsine mahsus häsiýetde reňk we gurluş taýdan özüne çekiji bolmagy körpeleriň sapaklara bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Çagalar esbaplardaky özüne çekiji şekiljiklere, görnüşlere we goşundy serişdelere aýratyn üns berýärler. Olar şeýle esbaplar arkaly guralýan sapaklarda işjeňlik görkezýärler, maglumatlary dürs we tiz kabul etmäge ukyply bolýarlar.
Topar otagyndaky Usuly burçuň esbaplarynyň ekologiýa taýdan arassa önümlerden düzülen bolmagy hem esasy şertdir. Çünki esbaplar çagalaryň saglygyna hiç hili howp salyp bilmejek we otagyň howasyna, giňişligine, ýagtylygyna we ýylygyna oňaýsyz täsir etmejek derejede bolmalydyr.
Şoňa görä-de, terbiýeçi öz peýdalanjak gollanmalarynyň ählitaraplaýyn ähmiýetli, görnükli we oňyn netijeli bolmagyny, şeýle-de esbaplaryň çaga terbiýesine hem gowy täsir etmegini gazanmaga çalyşmalydyr. Şeýle hem öz tejribesini baýlaşdyrýan terbiýeçi üçin hemişe-de döredijilikli işlemek, täzelikleriň gözleginde bolmak, täze taslamalaryň üstünde işlemek, esbaplarynyň has döwrebap görnüşler bilen üstüni ýetirmek, baýlaşdyrmak we işjeň peýdalanmak mahsusdyr.
Gülşat GURBANGELDIÝEWA,
Wekilbazar etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.