Buýsançly köňüller

Ene — zemin mukaddesligi

01-03-2025 / 31

Türkmen jemgyýetinde zenanlaryň sarpasy belent tutulýar, olar üçin ähli durmuş ýeňillikleri döredilýär. Tebigatyň ajaýyp keşbe giren çagynda — baharyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mähriban zenanlarymyzyň sarpasynyň belentde saklanýandygyny görkezýär.

Milletimiziň mukaddes ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwer däplerini saklaýjylar bolan mähriban zenanlarymyzyň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri, şeýle hem sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, bitiren aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, zenanlarymyz «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, olara döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek eziz Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Döwletimizde köp çagaly eneleriň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň şaýatnamasyna öwrülen bu hormatly at enelere goýulýan sarpanyň, öňden gelýän ilhalar ýörelgeleriň dowamydyr.

Türkmen zenanlary hakda gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bitiren hyzmatlarynyň ähli gelin-gyzlar üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny buýsançly bellemelidiris. Özüniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden Ogulabat eje watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, maşgala mukaddesligine wepadarlygyň belent nusgasyny görkezdi, milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Häzirki ýaşlar üçin onuň asylly zähmeti görüm-göreldedir, elinden çykan işleri bahasyna ýetip bolmajak nusgadyr. Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri mährem enelerimize belent söýgüniň, çäksiz hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr. Bu eser «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan dört bölümden ybarat. Eseriň her bir bölüminde mährem käbelerimize bolan buýsanç, belent sarpa, gadyr-gymmat örboýuna galýar, ene mukaddesligi çäksiz ylham, joşgun bilen beýan edilýär.

Mähriban zenanlarymyza belent sarpa goýup, olara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyzyň medeni durmuşyny baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da ösdürmekde alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

Şemşat HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu