
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzda milli kitaphana ulgamyny ösdürmäge, oňa innowasion gazanylanlary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini, kitaphana işiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýär, sanly ulgam ornaşdyrylýar, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlary hödürlenilýär. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.
«Medeniýet hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylan Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimizden ugur alnyp has-da kämilleşdirilmegine uly goşant bolar. Çünki bu resminama laýyklykda, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümlerini, şol sanda has köp okalýan kitaplary, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlary, çeper eserleri, ensiklopediýalary, sözlükleri neşir etmek hem-de kitaphanalara ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Nargiza HUDAÝBERGENOWA,
Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.