
Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesi bolmak bilen, dünýä dillerini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi dürli halklaryň dillerini öwrenmek bilen, halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döredilýändigini aňladýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine hem aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir.
Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, çaganyň psihologiýa-pedagogik aýratynlyklaryny bilýän, usuly taýdan sowatly mugallym bu ugurdan uly üstünlik gazanyp biler. Çünki dil öwrenmegiň netijeliligi çaganyň ösüş döwri bilen baglydyr, sebäbi çaganyň irki ösüş döwründe ýat bekleýän sözleri, sözlemleri onuň hakydasynda ömürlik galýar. Çagalykdan dil öwrenýän çaganyň beýnisindäki «sözlük gory» beýleki deň-duşlary bilen deňeşdirilende has ösendir. Munuň şeýledigini psiholog hünärmenler hem tassyklaýarlar.
Dili öwrenmekde interaktiw usullaryň ulanylmagynyň wajypdygyna turuwbaşdan ünsi çekmek isleýäris. Munuň özi sapakda özara işjeňligiň örän ýokary bolan ýagdaýydyr, diňe bir mugallym bilen çaganyň däl, eýsem, körpeleriň öz aralaryndaky işjeňligiň hem oňyn netije berýän usulydyr. Ozalky usullarda esasan diliň belli bir tarapyna — grammatikasyna, ýazuw endikleriniň ösdürilmegine üns berilýärdi. şeýle ýagdaýda sözleýiş endiklerini kemala getirmek mümkinçiligi azalýar. Interaktiw usullarda bolsa, ýazuw endikleri-de, sözleýiş medeniýeti-de gyradeň ösdürilýär.
Ýeri gelende bellesek, daşary ýurt dillerini okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ençeme usullary bolup, körpelere iňlis dilini öwretmek üçin olary giňden peýdalanýarys. Şol usullara toplumlaýyn çemeleşip, olaryň ählisini hem yzygiderlilikde peýdalanmaga çalyşýarys. Şonuň üçin-de, ol ýa-da beýleki usula artykmaçlyk berip, beýlekileri ünsden düşürmek bolmaz. Okuw işiniň has-da netijeli bolmagyny gazanmak üçin birnäçe usullardan utgaşykly peýdalanmak maksadalaýykdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Selbi ALLAMYRADOWA,
Mary etrabynyň 36-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.