Buýsançly köňüller

Milli ykdysadyýetimiz rowaçlanýar

28-02-2025 / 24

Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň netijelerini, bazar özgertmeleriniň täsirliligini seljermäge mümkinçilik berip, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ösüş depginini aýdyňlygy bilen görkezýär. Muňa geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan ýokary ykdysady görkezijiler hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim artdy. Şunuň bilen birlikde, senagat pudagynda 1,5 göterim, gurluşykda 11 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda 5,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterim ösüş gazanyldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2024-nji ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň döredilmegi we ony bermegiň şertleriniň kesgitlenilmegi ýerli önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrmaga, eksport kuwwatynyň artmagyna, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak bilen, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de goşant goşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk, azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy.

Ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi esasynda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň gerimi hem giňeýär. Ykdysady taýdan ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurdumyzda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Her ýyl daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda köp sanly pudaklaýyn sergilerdir forumlar geçirilýär. Yzygiderli geçirilýän çäreler özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde täze sepgitlere ýetmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär.

Pursatdan peýdalanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Kuwanç ÝULDAŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu