Buýsançly köňüller

Beýik işler bilime daýanýar

27-02-2025 / 26

Bilim ulgamy adamzat ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolup, onuň kämillik derejesi geljekki nesilleriň döwrüň öňe çykarýan meselelerine taýýarlygyny kepillendirýär. Kuwwatly döwlet, ösen jemgyýet bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirip, şahsyýetleriň mynasyp ösmekleri üçin zerur şertleri döretmäge ukyply bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan doly baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Kämil bilim-terbiýe şahsyýetiň ykdysadyýetiň üýtgeýän şertlerine taýýar bolmagyna hem-de olara çalt uýgunlaşmagyna esas bermek bilen, onuň şahsy ösüşine goşant goşýar. Çünki innowasion özgertmeleriň, tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde maglumatlary gaýtadan işlemegiň, anyk netijä gelmegiň hem tizligi üýtgeýär.

Bilim ulgamy ýurduň orta we uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen meýilnamalaryndan ugur alyp, şunda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» binýatlyk esas bolup çykyş edýär.

Ýokary bilimiň ähmiýeti ökde hünärli işgärleri taýýarlamak we bilim alýanlaryň ukyp-başarnykly, döredijilikli şahsy ösüşini terbiýelemek arkaly ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyna gönüden-göni täsir etmek gymmatlygynda jemlenýär. Şoňa görä-de, ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetdäki oňyn özgertmelere, ykdysadyýetiň kadaly işlemegine, ýaşaýyş-durmuş ulgamyna we adamlaryň zähmet işleriniň dürli pudaklaryna täsir edýär.

Bir söz bilen aýdanyňda, bu günki günde ýaş nesliň eziz Watanymyzyň ygtybarly eýeleri bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri bizi örän guwandyrýar we öňümizde aýdyň maksatlary goýýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan ösüş ugrunda bilimli, terbiýeli ýaşlary, kämil hünärmenleri ýetişdirmek baş wezipeleriň hataryndadyr.

Akmyrat ÝAZYÝEW,
Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu