
Bilşimiz ýaly, nesil dünýä inip, üme-çüme düşünip ugransoň, öz gelen dünýäsiniň hemme taraplary bilen tanşyp, olara akyl ýetirip ugraýar. Ýetginjek döwründe ýetende bolsa ilki özüne iň ýakyn bolan adamlary, olaryň iş aladalary, gatnaşyklary bilen tanşyp, mähir-muhabbetini duýup ugraýar, Şunda olaryň gylyk-häsiýetini öwrenmegiň aýratynlyklary ýüze çykýar.
Maşgala çagalaryň irki döwürde ösüşiniň, işiniň we durmuşynyň esasy gurşawy bolup, bu häsiýetini ýetginjeklik döwürde hem saklaýar. Maşgala aragatnaşygy tutumynda ulularyň durmuş tejribesi, medeniýetiniň derejesi, özüni alyp barmagyň nusgalary ösýän nesle geçirilýär. Maşgalada durmuşa geçirilýän terbiýeçilik işleriniň ýene bir ugry nesilleri berk bedenli, sagdyn, gujurly hem gaýratly, güýçli hem dogumly, ata Watany, ene topragy goramaga ukyply, onuň hatyrasyna zähmet çekmäge hemişe taýýar adamlar edip ýetişdirmek bilen baglanyşykly bolan aladalardyr.
Barlaglaryň görkezişine görä, awtoritar usully maşgalalarda ýetginjeklik ýaşyndaky çagalar ata-eneler bilen dartgynly aragatnaşykda bolup, maşgaladan daşlaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, örňäp-ösüp gelýän nesle maşgalada berilýän edep-terbiýäniň many-mazmuny giň hem düýplüdir. Adam kämil şahsyýete mahsus bolan sypatlaryň esasy taraplaryny maşgalada alýar. Onuň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete werziş adamlar bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Perzendi akylly-başly edip ýetişdirmek ata-enäniň baş maksady bolup durýar.
Maşgalanyň durmuşa geçirýän terbiýeçilik çäreleriniň ugurlary diňe bir agzalyp geçilenler bilen çäklenmeýär. Maşgala terbiýesiniň mazmunynda hukuk düzgünleri baradaky düşünjelerem, ykdysadyýete, ekologiýa degişli meselelerem esasy orun tutýar. Şu ýerde bir zady bellemekçi. Ol hem terbiýeçilik işiniň hemme ugurlarynyň özara berk baglanyşyklylykda amala aşyrylýanlygyndandyr, olaryň biriniň beýlekisiniň üstüni ýetirip durýanlygydyr, aýdaly, ahlak terbiýesini gözellik ýa zähmet terbiýesinden, beden terbiýesini ahlak ýa gözellik terbiýesinden üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýanlygydyr. Muny ata-eneler özara baglylykda, utgaşdyryp durmuşa geçirýärler.
Şeýlelikde, ata-eneleriň ündewleri, düşündirmeleri, olaryň göreldesi, öýüň umumy durmuş tutumy, maşgala düzgüni, çagalarda özüňi alyp bar magyň endiklerini, gowulygy, erbetligi, mynasyplygy, kelpezligi, adalatlylygy we adalatsyzlygy bahalandyrmagyň şertlerini döredýär, ýöne çagalary terbiýelemek diňe bir ata-eneleriň şahsy işi bolman, ol jemgyýetiň üns-aladasynda durýan meseledir. Maşgala terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň iň bir ähmiýetli we özboluşly tarapydyr. Onuň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, ösýän şahsyýete, ýagny ýetginjege «ilkinji durmuş sapaklaryny» berýänligindedir.
Ogulsenem BERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.