Buýsançly köňüller

Nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy

27-02-2025 / 19

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde dünýä ýüzünde belent ykrara eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi buýsançly hakykatdyr. Eziz Watanymyzyň öňbaşçylyk etmegi bilen, dünýäniň syýasy senenamasynda Halkara Bitaraplyk gününiň döredilmegi, türkmen Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir etdi.

Görnüşi ýaly, bu şöhratly wakalar hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň, şol sanda milli diplomatiýamyzyň baş maksatlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.

Her ýyl bolşy ýaly, 2025-nji ýylymyzda hem halkara derejede iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini ynamly aýdyp bolar. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň taýýarlanmagy şeýle diýmegimize anyk esas berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny döwletli tutumlar, beýik işler bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Dursun BEGENJOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu