Buýsançly köňüller

Bilim ― iň gymmatly baýlyk

27-02-2025 / 20

Bilim bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Parasatly halkymyz öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda ýaş nesliň öz döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny we kitaplaryny halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, okuwçylardyr talyplaryň halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazanmagy möhüm wakalardyr.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen ýaşlary halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Geçen ýylyň martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bolsa zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi ýokary işjeňlige eýe bolýar. Degişli tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran mekdep okuwçylary ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna taýýarlanýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Şol beýik ynamy ödemek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Ajaýyp döwrümizde biz ― ýaşlara  ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mahym BAÝRAMOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu