
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar. Şunda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» möhüm orun degişlidir.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028nji ýyla çenli Konsepsiýasy» 8 bapdan ybaratdyr. Bu resminamada mekdebe çenli bilim ulgamyna degişli hem birnäçe wezipeler göz öňünde tutulýar. Şol sanda mekdebe çenli bilim we terbiýe bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmaga möhüm orun we uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, inowasion pedagogik tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, şahsyýete gönükdirilen, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, problemalaýyn okatmak, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýlary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanmak ýola goýlar. Bu pedagogik tehnologiýalary döredijilikli ulanylyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagoglarynyň hünär başarnyklary yzygiderli kämilleşdiriler diýlip, Konsepsiýada bellenilýär.
Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak we pedagogik ussatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, mugallymlar geňeşiniň, usuly birleşmeleriň we usuly sagatlaryň işiniň netijeliligi döwrüň talaplaryna laýyklykda yzydiderli ýokarlandyrylar. Şeýle hem syýasy okuwlaryň mazmuny baýlaşdyrylar we netijeliligi ýokarlandyrylar, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barlar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda guralmagy göz öňünde tutulýar. Şular we beýleki wezipeler mundan beýläk hem mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Berkarar döwletimizde bilim-terbiýeçilik ulgamynyň işini ösdürmäge, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!
Şemşat HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.